Merkezi Aziýadan ýüzden gowrak ýaşlar wekiliýeti Hindistanda saparda boldy


Merkezi Aziýa döwletlerinden 100-den gowrak ýaşlar wekiliýeti 17-23-nji noýabr aralygynda Hindistanda sapada boldy. ANI-niň habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, saparyň maksady ýaşlary Hindistanyň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.
Wekiller dürli gözel ýerlere baryp gördüler we Hindistanyň käbir sebitleriniň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldular. Bularyň ählisi şu ýylyň ýanwar aýynda «Hindistan-Merkezi Aziýa sammitiniň» çäklerinde gazanylan ylalaşygyň netijesinde mümkin boldy.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň ministri Anurag Thakur sişenbe güni ýaşlar wekiliýeti üçin kabul edişlik gurady. Gala agşamynda wekiliýet Bolliwudyň köne aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Thakur bu çykyşa ýokary baha berip, hindi kinosynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlaryna uly täsir edýändigini belledi.
«Olaryň Bolliwudyň köne aýdymlaryna goşulyp, tans etmegi we saz gurallaryny çalmagy, Hindistanyň Merkezi Aziýada ýüreklere nähili täsir edýändigini görkezýär. Munuň özi Hindistan bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň geljeginiň bardygyny subut edýär. Bu gatnaşyklar sungat we medeniýet, söwda we beýleki ugurlar bilen baglanyşykly bolar», – diýip, Thakur nygtady.
Şeýle hem halkara ýaşlar alyş-çalyş maksatnamasynyň hoşniýetlilik we sagdyn gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi.
ORIENT news
Surat: unsplash.com








