Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi


Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Mejlis Gaznanyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Milli Geneşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi.
Oňa Aşgabat şäherine we ýurduň bäş welaýatyna wekilçilik edýän hormatly ýaşulular, şeýle hem Gaznanyň ýerine ýetiriji direktory - Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary gatnaşdylar.
Türkmen döwlet teleradio komitetiniň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berlişi ýaly, duşuşykda Maşgala kodeksiniň düzgünleri, döwlet kömegine mätäç çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak ugrundaky kanunçylyk çäreleri we geljekde bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen jemgyýetinde ýaşulularyň ynsanperwerwerlik ýörelgelerini pugtalandyrmakda, ýaşlary halal zähmete we asylly işlere höweslendirmekde möhüm orun eýeleýändiklerini belledi.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň mart aýynda döredildi. Şol ýyl gaznanyň hasabyna welaýat, etrap, şäher hassahanalarynyň ähli çagalar bölümleri täze “tiz kömek” ulaglary bilen üpjün edildi, ýurduň lukmançylyk merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara operasiýalar geçirildi. Şeýle hem, gazna çagalary bejermek üçin çykdajylaryň we lukmançylyk enjamlarynyň tölegini amala aşyrýar.
ORIENT news








