HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmentelekom» peýdaly web hyzmatlarynyň ekoulgamyny döredýär

Noýabr 12, 2022 | 21:15 |12938
«Türkmentelekom» Döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy hususy hyzmatdaş kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda gündelik durmuşda we işde peýdalybolan web hyzmatlarynyň milli ekoulgamyny döredýär.«Türkmentelekom» Döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy hususy hyzmatdaş kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda gündelik durmuşda we işde peýdalybolan web hyzmatlarynyň milli ekoulgamyny döredýär.
Çeşme: telecom.tm

«Türkmentelekom» Döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy hususy hyzmatdaş kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda gündelik durmuşda we işde peýdalybolan web hyzmatlarynyň milli ekoulgamyny döredýär.

Mysal üçin, «Türkmentel – 2022» sergisinde Jan Tehnologiýa bilen bilelikde işlenip düzülen «Start»messenjeri ilkinji gezek görkezildi. Bu ähli platformalarda işleýär we gysga habarlary, resminamalary, suratlary, wideoşekilleri we aýdym-sazlary çäklendirmesiz alyşmaga mümkinçilik berer.

Messenjeriň jaň funksiýasynda, beýleki platformalarda hemmeler tarapyndan halanylýan animasiýa stikerleri bolar. Döredijiler maksatnamanyň tölegsiz we ygtybarly boljakdygyny nygtaýarlar. Messenjeriň Android gurluşlary üçin synag gurluşyny ýükläp alyp bilersiňiz **

Milli e-poçta taslamasy bolan Sanly.tm hem işjeň ýagdaýda ösmegini dowam etdirýär. Platformada bar bolan hyzmatlaryň arasynda korporatiw poçta üçin «owadan» özboluşly salgyny saýlamak, poçta sanawlaryny dolandyrmak, şeýle hem umumy salgylar kitaby, senenama, meseleler sanawlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary bolan topar üçin doly hukukly wirtual ofisini döretmek mümkinçilgi hem bar.

Milli platformanyň mümkinçilikleriniň gerimi barhagiňelýär, şu salgy e.gov.tm arkaly her gün aragatnaşyk hyzmatlary, saglygy goraýyş ulgamy boýunça hyzmatlary we beýleki hyzmatlar boýunça tölegleri töläp bilersiňiz.

«Türkmentelekom» Älem TV hemra we teleýaýlym operatory bilen hyzmatdaşlykda programma arkaly Android gurluşlary üçin 125 teleýaýlymy hödürleýär. Bu hyzmat öýdäki internet hyzmatyna birikdirilende işleýär.

Şeýlelik bilen, bar bolan onlaýn platformalaryň geriminiň giňelmegi bilen «Türkmentelekom» döwlet telekommunikasiýa kompaniýasy yzygiderli onlaýn programmalaryň we amaly programmalaryň ekoulgamyny döredýär. Bilelikde, dürli işleri we öý işlerini çalt ýerine ýetirmäge, halaýan teleýaýlymlaryňyzy we filmleriňizi görüp dynç almaga mümkinçilik berýär.

ORIENT
Surat: telecom.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026