USAID türkmen agronomlaryny ýöriteleşdirilen webinara gatnaşmaga çagyrýar


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) agronomlary, gök-miwe önüm hojalyklarynyň dolandyryjylaryny, halkara standartlaryny durmuşa geçirmek boýunça maslahatçylary «Global G.A.P. düzgünlerine laýyklykda gök-miwe ekinleriniň zyýankeşlerine we kesellerine garşy göreş çäreleri» atly webinara gatnaşmaga çagyrýar.
Çäräniň maksady – GLOBAL G.A.P.-iň düzgünlerine laýyklykda gök-miwe ekinleriniň zyýankeşlerine we kesellerine garşy göreşmek üçin dürli çäreleri görmegiň aýratynlyklary bilen oňa gatnaşyjylary tanyşdyrmak, bu bolsa oba hojalyk önümlerini ýerlemegiň eksport ugurlaryny has hem giňeltmäge mümkinçilik berer.
Webinar aşakdaky bölümlerden ybarat bolar:
– zyýankeşleri kesgitlemek we olar bilen göreşmegiň çäreleri,
– gök-miwe ekinleriniň keselleri we olar bilen göreşmegiň çäreleri,
– zyýankeşlere we kesellere garşy göreşde tohumy dermanlamagyň ähmiýeti,
– pestisidlere düşünme – umumy ulanylýan pestisidleriň hili, görnüşleri, synplary we ýiti zäherliligi,
– azyk önümlerindäki pestisid galyndylary bilen baglanyşykly galyndylaryň we töwekgelçilikleriň iň ýokary derejesi,
– pestisidleri ulanmakda daşky gurşaw üçin töwekgelçiligi azaltmak,
– pestisidler bilen işlenen wagty ulanylmaly şahsy gorag serişdeleri.
Webinaryň jemleri boýunça gatnaşyjylar nazary bilim alarlar, alnan bilimleri olara ekinleriň esasy zyýan berijilerini we kesellerini kesgitlemäge, gök-miwe ekinlerinde ýüze çykýan zyýankeşlere we kesellere garşy göreşmekde netijeli çärelerini görmeklige, umumy pestisidleriň hilini, görnüşlerini, synplaryny we zäherliligini kesgitlemäge we ş.m. mümkinçilik berer.
Webinar 28-nji октябрda sagat 10:00-dan 12:00 çenli geçiriler. Webinara gatnaşmak isleýänler aşakdaky maglumatlary 2022-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli 12:00 çenli şu salgy boýunça iberip bilerler TCA_ExportSupport@dai.com:
– Gatnaşjak adamyň ady we familiýasy,
– Kompaniýanyň ady we gatnaşyjynyň wezipesi,
– Telefon belgisi, elektron poçtasynyň belgisi.
ORIENT news
Surat: botevgrad.com








