HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde terrorçylyga garşy göreşmek çäreleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýar

Oktýabr 19, 2022 | 16:47 |9060
Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde “Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhetleriň howpsuzlygy hem-de serhet gözegçiligi ulgamynda halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde “Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhetleriň howpsuzlygy hem-de serhet gözegçiligi ulgamynda halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.
Çeşme:

Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde “Terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhetleriň howpsuzlygy hem-de serhet gözegçiligi ulgamynda halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.

Делегация Туркменистана в Душанбе участвует в обсуждении мер борьбы с терроризмом

Maslahatyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylary Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we Terrorçylyga garşy göreşmek müdiriýetiniň başlygy Wladimir Woronkow, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň beýleki ýokary wezipeli ýolbaşçylary, beýleki sebitlerden hem-de halkara guramalardan hyzmatdaşlar mübäreklediler.

Wepa Hajyýew forumda çykyş edip, terrorçylyga garşy göreşmek, bu babatda hereket etmegiň utgaşdyrylmagyny gowulandyrmak we hemişe maglumatlary alyşmak meselelerinde köptaraplaýyn gatnaşyk etmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Делегация Туркменистана в Душанбе участвует в обсуждении мер борьбы с терроризмом

Türkmen diplomaty şu ýylyň mart aýynda Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça rejelenen görnüşde bileleikdäki meýilnamanyň kabul edilmeginiň wajypdygyny, bu resminamanyň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýany durmuşa geçirmäge uly goşant bolup, bu barada 2011-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Aşgabat jarnamasynda ilkinji gezek beýan edilendigini belledi.

Terrorçylyk howpuna garşy göreşmäge gönükdirilen ählumumy tagallalaryň jemlenilmegi BMG-niň, hususan-da, onuň Terrorçylyga garşy göreşmek müdiriýetiniň utgaşdyryjy häsiýetli orun eýelemeginde amala aşyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek müdiriýetiniň hemişelik hereket edýän maksatnamalaýyn edarasyny döretmegiň öz wagtydygy, munuň bolsa sebitiň ýurtlaryna tehniki taýdan kömek bermegiň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

Делегация Туркменистана в Душанбе участвует в обсуждении мер борьбы с терроризмом

Şeýle hem maglumat tehnologiýalarynda we kibergiňişlikde taraplaryň bilelikdäki tagallalaryny has-da işjeňleşdirmek, taslama mümkinçiligini ulanmak arkaly hereket edýän gepleşikler, maslahatlaşma meýdançalaryny pugtalandyrmak boýunça teklip öňe sürüldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026