HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana sapary 20-21-nji oktýabr aralygynda bolar

Oktýabr 17, 2022 | 05:28 |13752
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary 20-21-nji oktýabr aralygynda bolar. Sapara görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary 20-21-nji oktýabr aralygynda bolar. Sapara görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.
Çeşme:

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi sapary 20-21-nji oktýabr aralygynda bolar. Sapara görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi.

Saparyň maksatnamasy, şeýle hem Aşgabatda geçiriljek türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalar bukjasy özbek tarapy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylýar.

Ozal Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana amala aşyrjak saparynyň dowamynda Özbegistanyň paýtagtynda “Aşgabat” seýilgähiniň açylmagyna jogap hökmünde türkmen paýtagtynda “Daşkent” seýilgähiniň açyljakdygy barada habar berilipdi.

Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet baştutany hökmünde ilkinji sapary 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýuly aralygynda amala aşyryldy. Saparyň çäklerinde Daşkentde hökümet we pudaklaýyn derejelerde bilelikdäki resminamalaryň uly bukjasyna, şeýle hem kompaniýalaryň arasynda eksport-import şertnamalaryna gol çekildi.

ORIENT news
Foto: tdh.gov.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026