HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň sammiti bilelikdäki resminamalara gol çekilmegi bilen tamamlandy

Oktýabr 14, 2022 | 23:25 |7101
Anna güni Astanada geçýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdi.Anna güni Astanada geçýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdi.
Çeşme:

Anna güni Astanada geçýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmegindäki sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Tajigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew we RF-niň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko gatnaşdylar.

Giňişleýin mejlisde döwlet Baştutanlary dessine resminamalar gol çekmäge girişmegi ylalaşdylar diýlip, Akordanyň saýtynda habar berilýär.

Саммит СНГ завершился подписанием совместных документов

Gol çekişlik wagtynda Tokaýew dar düzümdäki duşuşykda GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary wezipesiniň GDA-nyň Baş sekretary wezipesine üýtgedilmegi baradaky meseläniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny yglan etdi. Gazagystanyň Prezidenti düýn Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň ýerine ýetiriji sekratary wezipesiniň baş sekretar wezipesine üýtgedilmegi barada çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy. Ozal ŞHG-niň ýerine ýetiriji sekretary wezipesi hem baş sekretar wezipesine üýtgedilipdi.

“Aslynda, munuň ýerine ýetiriji edaranyň ýolbaşçy wezipesiniň derejeliligini artdyrmakda ähmiýeti bar” diýip, Gazagystanyň Prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Kasym-Žomart Tokaýew mejlisiň netijelerini jemläp, geçirilen sammitiň netijeliligini nygtap, şeýle diýdi:

– Bizde mejlisimiziň netijeli bolandygyny aýtmaga hemme esas bar. Özi-de, resminamalaryň kabul edilmeginden başga-da, wekilýetleriň baştutanlary, meniň pikirim boýunça, GDA-nyň çäklerinde giň gerimli köptaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem halkara gün tertibi boýunça örän peýdaly pikir alyşmalary geçirdiler. Şunda garalan resminamalar bilen bir hatarda, aýdylan oňyn teklipler, gürrüňsiz suratda, GDA-nyň giňişliginde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge hyzmat eder”.

Şeýle hem giňişleýin mejlisde Sergeý Lebedew we Walentina Matwiýenko çykyş etdiler.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň başlygy, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň başlygy Radik Batyrşine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hormat hatyny gowşurdy.

Mejlisiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda Beýannama gol çekdiler. Şeýle hem Arkalaşygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi.

GDA agza ýurtlaryň Liderleri Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 2025-nji ýyly Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy diýip yglan etmek baradaky teklibini goldadylar.

ORIENT news
Foto: akorda.kz

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026