HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Karl III täç geýdirme dabarasy 6-njy maýda geçiriler

Oktýabr 13, 2022 | 23:04 |4918
Beýik Britaniýanyň şasy Karl III täç geýdirme dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda bolar. Dabaraly çäre onuň ejesi Ýelizaweta II aradan çykan wagtyndan sekiz aý töweregi soň geçiriler. Sişenbe güni Bukingem köşgüniň metbugat gullugynyň habarynda: – “Monarha täç geýdirme dabarasy Westminster abbatlygynda, däp bolşy ýaly, arhiýepiskop Kenterberiýskiý tarapyndan geçiriler.Beýik Britaniýanyň şasy Karl III täç geýdirme dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda bolar. Dabaraly çäre onuň ejesi Ýelizaweta II aradan çykan wagtyndan sekiz aý töweregi soň geçiriler. Sişenbe güni Bukingem köşgüniň metbugat gullugynyň habarynda: – “Monarha täç geýdirme dabarasy Westminster abbatlygynda, däp bolşy ýaly, arhiýepiskop Kenterberiýskiý tarapyndan geçiriler.
Çeşme:

Beýik Britaniýanyň şasy Karl III täç geýdirme dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda bolar. Dabaraly çäre onuň ejesi Ýelizaweta II aradan çykan wagtyndan sekiz aý töweregi soň geçiriler. Sişenbe güni Bukingem köşgüniň metbugat gullugynyň habarynda: – “Monarha täç geýdirme dabarasy Westminster abbatlygynda, däp bolşy ýaly, arhiýepiskop Kenterberiýskiý tarapyndan geçiriler. Karl III bilen birlikde şa zenany-konsort Kamilla hem täç geýdiriler” – diýilýär.

Metbugat gullugynyň habarynda: – "Täç geýdiriliş dabarasy monarhiýanyň şu günki ornuny we geljege bolan garaýşy görkezer, şonuň bilen birlikde, öňden dowam edip gelýän däp-dessurlara esaslanar" – diýilýär.

Dabaranyň aýratynlyklary biraz soň mälim ediler. Karl III täç geýdiriliş çäresi düzgün boýunça geçiriler, ýöne monarhyň islegi boýunça çendenaşa gabaraly bolmaz.

Iňlis tagtynyň mirasdüşeri ondan öňki monarh aradan çykan pursatynda şa bolýar, ýöne täç geýdiriliş birnäçe aý soň, matam gutaranda geçirilýär. Ýurdy rekord derejede 70 ýyl 7 aý dolandyran Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda aradan çykandygyny ýatladýarys. Ol 96 ýaşyndady. 10-njy sentýabrda Tagt miras geňeşi onuň ogly Çarlzy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Şalygynyň täze monarhy – Karl III diýip yglan etdi (Çarlz iňlis ady Karl adyna gabat gelýär). Karl III täç geýdirme dabarasynda 74 ýaşynda bolar.

Gözbaşyny 1308-nji ýyldan alyp gaýdýan däp-dessurlara görä, täç geýdirilende, iňlis monarhy korol Eduardyň tagtynda oturýar. Täç geýdirme dabarasynyň ahyrynda monarh kasam edip, keramatly Eduard Ispowednigiň Londonyň Tower diňinde saklanýan agramy 2,2 kg deň bolan täjini geýýär. Şa täji gymmatbahaly daşlaryň 400-den gowragy bilen bezelendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

22:05 Awgust 27, 2026
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026