HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen strongmeni özüni görkezdi: adam teplowoza garşy

Oktýabr 14, 2022 | 02:13 |17066
Türgen Dawid Melkumow Türkmenistanda görlüp-eşidilmedik rekord goýdy, has takygy, pälwan lokomotiwi üç metre golaý aralyga çekip süýşürdi. Bu üstünlik dünýädäki şuňa meňzeş rekordlaryň yzynyň özboluşly dowamy boldy: dürli ýurtlardan bolan pälwanlar  çekýän ýüküniň göwrümi babatda bolşy ýaly, ony süýşürmek başardan aralygy boýunça-da bäsleşýärler.Türgen Dawid Melkumow Türkmenistanda görlüp-eşidilmedik rekord goýdy, has takygy, pälwan lokomotiwi üç metre golaý aralyga çekip süýşürdi. Bu üstünlik dünýädäki şuňa meňzeş rekordlaryň yzynyň özboluşly dowamy boldy: dürli ýurtlardan bolan pälwanlar  çekýän ýüküniň göwrümi babatda bolşy ýaly, ony süýşürmek başardan aralygy boýunça-da bäsleşýärler.
Çeşme:

Türgen Dawid Melkumow Türkmenistanda görlüp-eşidilmedik rekord goýdy, has takygy, pälwan lokomotiwi üç metre golaý aralyga çekip süýşürdi. Bu üstünlik dünýädäki şuňa meňzeş rekordlaryň yzynyň özboluşly dowamy boldy: dürli ýurtlardan bolan pälwanlar çekýän ýüküniň göwrümi babatda bolşy ýaly, ony süýşürmek başardan aralygy boýunça-da bäsleşýärler. Türkmen pälwany köptonnalyk ulag bilen gidişmäge het eden ýurt boýunça ilkinji türgen boldy.

Туркменский стронгмен заявил о себе: человек против тепловоза

Öz agramy 92 kilograma deň bolan Melkumow 120 tonnalyk teplowozy 2,7 metr aralyga çekip süýşürmegi başardy. Şondan soňra ol özünde galan täsirlerini ORIENT bilen paýlaşdy:

– Dogrusyny aýtsam, çak edişim ýaly bolmady, elbetde, birinji sapar üçin bu görkeziji erbet däl, ýöne netijäni ýokarlandyrmagyň üstünde işlärin, el çekmerin. Men dünýä rekordyny goýmak, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek isleýärin. Türkmenistandaky strongmen hereketini goldaýaryn we ýük awtoulaglaryny, teplowozlary we uçarlary çekip bilýänleriň bizde-de bardygyny bütin dünýä görüp biler ýaly, halkara ýaryşlarynda ýurdumyza wekilçilik etmäge taýyn.

– Bu pikire nädip geldiň?

– Çagalygymdan sporty halaýan, mydama beden terbiýesini, ýagny kulturizmi gowy görýärdim. Fitnes bilen meşgullanyp başladym, fitnes tälimçisi boldum. Soňra strongmen hökmünde, ýagny güýçde özümi synap gördüm, maňa ýarady. Men uly ýük awtoulaglaryny çekip başladym. Bu gün bolsa siz meniň birnäçe hepdelik işimiň netijelerine şaýat bolduňyz, men muňa diýseň köp taýýarlyk gördüm.

– Güýç nämede, Dawid?

– Güýç... Ruhda, güýç myşsalarda, güýç aňymyzda. Sebäbi, hemme zat seniň nä derejede taýýardygyňa bagly. Özüňe ynamly bolsaň, islendik maksada ýetmek bolar.

–Ýaş okyjylara berjek maslahatyňyz?

– Kämilleşmek. Sport, sport, sport. Emma teplowozdan başlamak gerek däl - sabyr etmeli. Bu günki çäre şikessiz geçdi, men oňa uzak wagtlap taýýarlyk gördüm. Fiziki güýji kem-kemden birsydyrgyn ösdürmeli. Adamlaryň aglaba köpüsi sport bilen meşgullanmaly diýip hasap edýärin: birinjiden - saglyk, ikinjiden - gözellik, üçünjiden -polat erk we myşsalar.

– Indiki maksat näme, Dawid?

– Ýük uçary! Şeýle mümkinçilik meselesinde degişli edaralaryň goldawyna umyt edýärin. Şu günki çärä gatnaşanlaryň hemmesine sag bolsun aýdasym gelýär: maňa kömek eden dostlarym, doganlarym, tanyşlarym, olar bu işde maňa uly goltgy berdiler, biz bu ýoly bilelikde geçdik diýip bileris. Şeýle hem, çäräni gurnamaga kömek eden hemaýatkärimiz Dragon Oil-a sag bolsun aýdasym gelýär.

Dawidiň rekordlarynyň taryhy şunuň bilen gutarmaz we demir ýolda görkezilen edermenligiň yzy howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda dowam eder diýip garaşýarys.

Your browser does not support HTML5 video.

Arslan MÄMMEDOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026