HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022" atly sergi: innowasiýa we hyzmatdaşlyk

Oktýabr 12, 2022 | 04:52 |11310
26-njy oktýabrda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy" XXVII Halkara maslahaty we şol at bilen üç günlük sergi açylar.26-njy oktýabrda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy" XXVII Halkara maslahaty we şol at bilen üç günlük sergi açylar.
Çeşme:

26-njy oktýabrda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy" XXVII Halkara maslahaty we şol at bilen üç günlük sergi açylar.

"Türkmengaz" we "Türkmennebit" Döwlet konsernleriniň gatnaşmagynda, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň "Türkmen Forum" bilen hyzmatdaşlygynda guraljak bu sergide Türkmenistanyň we dünýäniň nebit-gaz pudagynyň gazananlary, bu pudagy ösdürmek üçin täze pikirler, energiýa göterijileri öndürmek we daşamak, uglewodorod çig mallaryny saklamak babatynda innowasion tehnologiýalar, serwis hyzmatlary, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitindäki häzirki we geljekki nebit-gaz taslamalary görkeziler.

Выставка «Нефть и газ Туркменистана – 2022»: инновации и сотрудничество

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022" atly serginiň esasy maksatlaryndan biri milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekdir. Sergi bazaryň ugruny üýtgedýän häzirkizaman tapgyrynda ýangyç we energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha artýan ähmiýetine üns çeker.

Выставка «Нефть и газ Туркменистана – 2022»: инновации и сотрудничество

Sergä 40-dan gowrak daşary ýurt we türkmen kompaniýalary gatnaşar. Nebit we gaz pudagynyň dünýä ägirtleri – Dragon Oil, Petronas, CNPC, TATNEFT, ENI, Schlumberger we başgalar – Türkmenistanyň nebit, gaz, energetika we nebithimiýa pudagyndaky täze maýa goýum taslamalary barada myhmanlary habarly etmek maksady bilen öz stendlerini görkezerler.

Выставка «Нефть и газ Туркменистана – 2022»: инновации и сотрудничество

Serginiň daşary ýurtly gatnaşyjylary üçin Dubaý-Aşgabat-Dubaý çarter uçuşy guralar, olara wiza goldawy hem berler. Maslahatyň we serginiň çäklerinde Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençler, golf klubyna sapar guralar.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň we B2B-niň ýokary ýolbaşçylary bilen onlaýn we adaty görnüşde ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirilýär.

Выставка «Нефть и газ Туркменистана – 2022»: инновации и сотрудничество

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022” XXVII Halkara sergisiniň ýene bir täzeligi – oňa gatnaşyjylara tebigy baýlyklary çykarýan operatoryň ornunda bolup görmek we wirtual hakykat tehnologiýalaryny ulanmak bilen nebit guýularynyň burawlanyşyna we tebigy gaz ýataklarynyň gözleg işlerine ýakyndan syn etmek mümkinçiligidir.

Sergi barada has giňişleýin maglumat üçin http://expo.ogt-turkmenistan.com/ru resmi saýta giriň ýa-da batyr.d@turkmen-forum.com we tilla.bozaganova@turkmen-forum.com salgy boýunça habarlaşyň.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026