HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat bilen Kabul TAPI gaz geçirijisi barada möhüm ylalaşyklary gazandylar

Oktýabr 10, 2022 | 22:30 |9497
Owganystanyň Daşary işler ministrligi bu ýurduň Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýetiniň gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça ylalaşyklaryň gazanandyklaryny habar berýär.Owganystanyň Daşary işler ministrligi bu ýurduň Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýetiniň gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça ylalaşyklaryň gazanandyklaryny habar berýär.
Çeşme:

Owganystanyň Daşary işler ministrligi bu ýurduň Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýetiniň gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça ylalaşyklaryň gazanandyklaryny habar berýär.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Şafai Azamyň sözlerine görä, taraplar gaz geçirijisiniň gurluşygy, senagat önümçiliklerine we Hyratyň ýaşaýjylaryna gaz bermek, şeýle hem tebigy gazy suwuklandyrylan uglewodorod gazyna (alternatiw ýangyja) öwürmek boýunça hereket etmegiň meýilnamalary hakynda ylalaşyk gazandylar.

Owganystanyň Ykdysady ösüş ministrliginde hem TAPI barada beýanat bilen çykyş etdiler.

«TAPI taslamasy syýasy gatnaşyklara, sebit hyzmatdaşlygyna we sebitleýin ösüşe goşant goşup biljek möhüm we düýpli taslamalaryň biri bolup durýar» - diýip, ýurduň Ykdysady ösüş ministrliginiň wekili Abdul Rahman Habib muny şeýle teswirledi.

Türkmen gazyny Owganystana we Günorta Aziýa ýurtlaryna eltmek üçin gurulýan TAPI gaz geçirijisiniň taslamasy soňky döwürde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu gyşyň öňüsyrasynda dünýä nebit we gaz bazaryndaky çylşyrymly ýagdaý bilen baglanyşyklydyr.

Suwuklandyrylan tebigy gazyň bazaryndaky häzirki ýagdaý Aziýanyň ösýän ýurtlaryna uzak möhletleýin şertnamalar boýunça turbageçiriji arkaly gaz bilen üpjün etmegiň iň peýdalysydygyny görkezýär. Türkmenistan Günorta Aziýadaky hyzmatdaşlaryna hut şuny hödürleýär we gaz geçirijisi gurlan halatynda, bu TAPI gaz geçirijisi tarapyndan üpjün edilip bilner.

Nury AMANOW
Surat: business.com.tm

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026