HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

II HYF: Türkmenistan – hazarýaka ýurtlarynda ulag babatda päsgelçilikleriň aradan aýrylmagy ugrunda

Oktýabr 07, 2022 | 06:58 |6519
Şeýle beýanat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Moskwanyň “Skolkowo” merkezinde guralan Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde çykyş etdi diýip, TASS rus agentligi habar berýär.Şeýle beýanat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Moskwanyň “Skolkowo” merkezinde guralan Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde çykyş etdi diýip, TASS rus agentligi habar berýär.
Çeşme:

Şeýle beýanat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Moskwanyň “Skolkowo” merkezinde guralan Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde çykyş etdi diýip, TASS rus agentligi habar berýär.

Türkmen wise-premýeriniň belleýşi ýaly, hazar sebitiniň bäş ýurdunyň anyk özara hereketlerini 2018-nji ýylyň awgust aýynda Aktauda hazarýaka döwletleriniň arasynda gol çekilip güýje giren ylalaşygyň çäklerinde ýola goýmak möhümdir. Resminama köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, ulag-aragatnaşyk ulgamynda päsgelçilikleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak boýunça işleri güýçlendirmekde, şeýle hem aragatnaşyk kuwwatyny artdyrmak üçin täze ulag-logistika geçelgelerini açmakda we ösdürmekde bilelikdäki hereketleri düzgünleşdirýär – diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary aýtdy.

Häzir Türkmenistanda ulag ulgamy milli ykdysadyýetiň depginli ösýän we geljegi uly ugrudyr. “Biziň ýurdumyz Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar ugurlar boýunça ulag-üstaşyr geçelegeleri amala aşyrýar, Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar we TRASEKA halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar. Mundan başga-da, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demirýol köprüsini, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda we Kerkide halkara howa menzillerini, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portuny gurmak boýunça taslamalar durmuşa geçirildi” diýip, Geldimyradow ýatlatdy.

“Skolkowo” merkezinde 5-6-njy oktýabrda geçirilýän II Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylar, şeýle hem ulag infrastrukturasy, energetika, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda hem-de sebitara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryndaky bilelikdäki taslamalara garadylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026