HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda gyzgyn aragatnaşyk operatorlary üçin migrasiýa meseleleri boýunça türgenleşik okuwy geçirildi

Oktýabr 06, 2022 | 00:30 |7162
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi (UNODC) USAID-iň «Merkezi Aziýadaky Howpsuz Migrasiýa Maksatnamasy» bilen bilelikde migrasiýa meseleleri boýunça maslahat bermek maksady bilen, Aşgabatda döwlet we jemgyýetçilik gyzgyn aragatnaşyk operatorlarynyň hünärlerini kämilleşdirmeklige gönükdirilen gibrid görnüşinde türgenleşik okuwyny gurady.Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi (UNODC) USAID-iň «Merkezi Aziýadaky Howpsuz Migrasiýa Maksatnamasy» bilen bilelikde migrasiýa meseleleri boýunça maslahat bermek maksady bilen, Aşgabatda döwlet we jemgyýetçilik gyzgyn aragatnaşyk operatorlarynyň hünärlerini kämilleşdirmeklige gönükdirilen gibrid görnüşinde türgenleşik okuwyny gurady.
Çeşme:

Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi (UNODC) USAID-iň «Merkezi Aziýadaky Howpsuz Migrasiýa Maksatnamasy» bilen bilelikde migrasiýa meseleleri boýunça maslahat bermek maksady bilen, Aşgabatda döwlet we jemgyýetçilik gyzgyn aragatnaşyk operatorlarynyň hünärlerini kämilleşdirmeklige gönükdirilen gibrid görnüşinde türgenleşik okuwyny gurady.

Okuw çäresiniň esasy maksady adam söwdasynyň (AS) pidalaryna we bolup biljek psihologiki şikesleri göz öňünde tutup, ýüz tutýanlara maslahat bermekde hünärmenleriň - döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň gyzgyn aragatnaşyk operatorlarynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmekdir.

Aşgabatda gyzgyn aragatnaşyk operatorlary üçin migrasiýa meseleleri boýunça türgenleşik okuwy geçirildi

Aşgabatda gyzgyn aragatnaşyk operatorlary üçin migrasiýa meseleleri boýunça türgenleşik okuwy geçirildi

BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirliginiň sebit dolandyryjysy jenap Kohen Markweringiň we USAID-iň «Merkezi Aziýadaky Howpsuz Migrasiýa» maksatnamasynyň direktory hanym Eleanor Walentaýnyň çykyşyndan soň, okuw çäresiniň birinji sessiýasy adam söwdasyna garşy döwletiň gyzgyn aragatnaşyk ulgamyny guramagyň amerikan modeline bagyşlandy.

Aşgabatda gyzgyn aragatnaşyk operatorlary üçin migrasiýa meseleleri boýunça türgenleşik okuwy geçirildi

Okuwyň dowamynda ABŞ hem-de Gyrgyzystan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gyzgyn aragatnaşygynyň modelleri görkezildi. Okuw çäresine gatnaşanlar dürli ýurtlaryň gyzgyn aragatnaşyklarynyň gurluşy we işleýşi, gelýän jaňlaryň görnüşleri, adam söwdasynyň ýagdaýlaryna baha bermek, maglumatlary dolandyrmak we seljermek we ugrukdyrmak ýaly işler bilen tanyşdylar.

Okuwa gatnaşanlaryň adam söwdasy we migrantlaryň bikanun getirilmegi, şeýle hem bu mesele boýunça milli we sebitleýin özgertmeler baradaky umumy bilimlerini çuňlaşdyrmakdan başga, birnäçe öňdebaryjy tejribeleri açyp, gyzgyn aragatnaşyga gatnaşýanlaryň esasy başarnyklaryny üstünlikli kämilleşdirdiler.

Aşgabatda gyzgyn aragatnaşyk operatorlary üçin migrasiýa meseleleri boýunça türgenleşik okuwy geçirildi

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

22:30 Awgust 27, 2026
Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

22:21 Awgust 27, 2026
«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

22:05 Awgust 27, 2026