HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: Türkmenistan manat serişdelerine Russiýadan gurluşyk armaturasyny satyn aldy

Oktýabr 05, 2022 | 06:29 |9275
Duşenbe güni, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy 16,8 million manat bolan 13 geleşik geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy 16,8 million manat bolan 13 geleşik geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy 16,8 million manat bolan 13 geleşik geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi 7,5 million manatda Russiýaly satyjylardan А500С görnüşli gurluşyk armaturasynyň 500 tonnasyny satyn aldy. Gurluşyk armaturasynyň her bir tonnasynyň bahasy 15 müň manat bilen bahalandyryldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçi jemi 1 million manada granulirlenen tehniki kükürdiň 500 tonnasyny satyn aldy.

Türkmen işewür wekilleri Т50-500 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 500 tonnasyny 8,2 million manada satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň işewür toparlary elde dokalan türkmen halylaryny 38,8 müň manada satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news
Foto: dompodrobno.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026