HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda BMG-niň binasynda «Durnukly ösüşiň maksatlary hakynda nesilleriň söhbetdeşligi» boldy

Oktýabr 02, 2022 | 01:12 |8304
BMG-niň binasynda duşuşyk geçirildi, onda dürli nesilleriň wekilleri biziň jemgyýetimiziň durmuş taýdan ösüşi we häzirki zamanyň möhüm meseleleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.BMG-niň binasynda duşuşyk geçirildi, onda dürli nesilleriň wekilleri biziň jemgyýetimiziň durmuş taýdan ösüşi we häzirki zamanyň möhüm meseleleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Çeşme:

Her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenip geçilýän Ýaşulylaryň halkara gününiň öňüsyrasynda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda “Durnukly ösüşiň maksatlary hakynda nesilleriň söhbetdeşligi” atly çäresi gibrid görnüşde geçirildi.

Duşuşyga ýaşuly we ýaş nesilleriň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Dostluk hem agzybirlik ýagdaýynda geçen çärede olar ýaşuly nesliň wekilleriniň ýaşlar bilen birlikde jemgyýetiň ösüşinde we dünýäde bar bolan kynçylyklary ýeňip geçmekde we olaryň çözülmegine goşant goşmakda möhüm orny eýeleýändiklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

foto2-01102022tsurdialog.jpg

2022-nji ýylyň halkara gününiň temasy – Üýtgäp durýan dünýäde ýaşuly adamlaryň ýaşaýşa ukyplylygy hakynda boldy. Bu tema COVID-19 pandemiýasy dünýäde bar bolan gender deňsizligini güýçlendirip, durmuş-ykdysady, daşky gurşaw, saglyk we howanyň gartaşan adamlaryň, esasan hem ýaşuly adamlaryň aglaba bölegini düzýän aýallaryň durmuşyna edýän täsirini has-da güýçlendirdigi sebäpli ýüze çykdy.

Häzirki wagtda dünýäde 60 ýaşdan uly bolanlaryň sany takmynan bir milliard adam. 2017-nji we 2030-njy ýyllar aralygynda 60 we ondan ýokary ýaşly adamlaryň sanynyň 462 göterim artyp, 962 milliondan 1,4 milliarda çenli, 10 ýaşdan kiçi ýaşlardan we çagalardan has köp boljakdygy çaklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Durnukly ösüşiň maksatlary hakynda nesilleriň söhbetdeşligi” çäresiniň guramaçylary ýaşuly hem ýaş nesilleriň birleşip, jemgyýetimiz üçin durnukly geljege bolan ymtylyşlaryny paýlaşmaklygy döretmegi maksat edinipdiler.

foto3-01102022tsurdialog.jpg

Gün tertibine UNFPA-nyň (Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň) maglumat beriş çykyşlary, nesilleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaşlaryň durmuşynda eýeleýän ornuna düşünmek, Durnukly ösüşiň maksatlary nukdaýnazaryndan dürli wakalary paýlaşmak, sagdyn garramak üçin bilelikdäki meýilnamany hödürlemek we ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini has-da giňeltmek ýaly meseleler girizildi we olar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň iň wajyp pursaty ýaş nesliň wekilleriniň - Durnukly ösüşiň maksatlarynyň Türkmenistandaky ýaş ilçileriniň, baryp gören we söhbetdeşlik geçiren ýaşuly adamlaryň durmuşy hakynda taýýarlan hekaýalary boýunça çykyşlary boldy. Durnukly ösüşiň maksatlarynyň ilçileriniň hiç kimi biperwaý galdyrmadyk täsir galdyryjy hekaýalary “Öz yzyňyzy galdyryň” atly ýygyndyda çap ediler, sebäbi hekaýalaryň her biri ýaşuly nesliň wekilleriniň başdan geçiren kynçylyklaryny we päsgelçiliklerini ýeňip geçýän täsin tejribesini we durmuş ýoluny özüçe beýan edýär.

foto4-01102022tsurdialog.jpg

Ilatyň garramagynyň durmuş pudagyna iň köp üns berilýän täze strategiýalaryň we maksatnamalaryň kabul edilmegine sebäp bolandygyny bellenilmelidir. Ösen we ösüp barýan ýurtlaryň köpüsinde saglyk, abadançylyk ýa-da sosial goraglylyk boýunça täze strategiýalar işlenip taýýarlandy ýa-da synagdan geçirildi.

Dünýäniň dürli künjeklerinde, ýerli derejeden başlap, ähli derejedäki döwlet dolandyryş edaralary bu iş boýunça öz jogapkärçilik paýlaryny aldylar, hem-de ýaşuly adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny kem-kemden çözmek üçin bar bolan edaralary täzelediler ýa-da olary döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrdylar.

Şükürgeldi MYRADOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026