HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça meýilnamalar belli boldy

Sentýabr 30, 2022 | 22:34 |9975
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça meýilnamalary işläp düzmek Sankt-Peterburgyň we Çelýabinsk oblastynyň hökümet agzalaryndan düzülen  Russiýanyň wekilçilikli toparynyň Türkmenistana iş saparynyň netijeleri boldy.Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça meýilnamalary işläp düzmek Sankt-Peterburgyň we Çelýabinsk oblastynyň hökümet agzalaryndan düzülen  Russiýanyň wekilçilikli toparynyň Türkmenistana iş saparynyň netijeleri boldy.
Çeşme:

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça meýilnamalary işläp düzmek Sankt-Peterburgyň we Çelýabinsk oblastynyň hökümet agzalaryndan düzülen Russiýanyň wekilçilikli toparynyň Türkmenistana iş saparynyň netijeleri boldy.

– Şeýlelikde, elektrik enjamlarynyň taslama işleri we önümçiligi boýunça dünýä liderleriniň biri bolan Sankt-Peterburgyň “Silowyýe maşiny” kompaniýasy Türkmenistanda elektrik desgalaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýär, – diýip, TASS Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça eden çykyşyna salgylanyp, habar berýär.

Öz gezeginde Çelýabinskiniň Günorta Ural armatur-izolýator zawody Türkmenistanda öz önümçiligini ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Zawod Russiýada öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanýar. Çelýabinskili wekiliýetiň bellemegine görä, polimer, farfor we aýna izolýatorlarynyň, şeýle hem, olary seplemekde ulanylýan ýörite şaýlaryň önümçiligini giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günorta Uralyň Çelyabinsk şäherinden başga bir kompaniýa – “Neft-Service” Türkmenistanda bilelikdäki önümçiligi ýola goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa nebit-gaz pudaklary üçin nebit-gaz enjamlarynyň, buraw guýularynyň we elektronikanyň önümçiligini amala aşyrýar.

Soňky birnäçe ýylda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy – Russiýa diňe bir ýangyç-energetika pudagynda däl, eýsem senagatyň gaýtadan işleýän pudaklarynda-da Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny ösdürýär.

ORIENT news
Foto: tass.ru

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026