HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Sentýabr 26, 2022 | 20:43 |12783
Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Bouygues, Vinci Construction Grands Projets, Cifal fransuz gurluşyk kompaniýalarynyň we Dubaýyň hökümetine degişli Dragon Oil nebit kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Bouygues, Vinci Construction Grands Projets, Cifal fransuz gurluşyk kompaniýalarynyň we Dubaýyň hökümetine degişli Dragon Oil nebit kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
Çeşme:

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Bouygues, Vinci Construction Grands Projets, Cifal fransuz gurluşyk kompaniýalarynyň we Dubaýyň hökümetine degişli Dragon Oil nebit kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiniň baýram edilmegi mynasybetli Aşgabat şäherine gelen işewürler türkmen Liderini bu möhüm sene bilen gutlamaga, duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga we täze teklipleri hödürlemäge mümkinçilik aldylar.

"Türkmenistan dürli ugurlarda ýöriteleşen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga açykdyr, munuň üçin ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýy we netijeli işlemek üçin şertler döredilýär" diýip, türkmen telewideniýesiniň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde döwlet Baştutanynyň aýdan sözleri beýan edildi.

Serdar Berdimuhamedow Bouygues fransuz senagat toparynyň baş direktory Marten Buig bilen geçirilen söhbetdeşlikde bu kompaniýanyň ýurduň, onuň paýtagtynyň şähergurluşyk keşbini döretmekde goşan goşandyny belläp, mümkin bolan täze taslamalary öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.

Öz nobatynda, Vinci Construction Grands Projetsiň baş ýerine ýetiriji direktory Patrik Kadri fransuz hyzmatdaşlaryň türkmen bazarynda uzak möhletleýin bolmagy maksat edinýädigini aýtdy. Cifal kompaniýalar toparynyň prezidenti Žil Remi bilen geçirilen söhbetdeşlikde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşykda we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmakda, şol sanda ýangyç-energetika toplumy we kommunikasiýa ýaly pudaklarda innowasion işläp taýýarlamalary ugur edinýändigini belledi.

Dragon Oil kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al-Jarwan wekilçilik edýän nebit kompaniýasynyň “Çeleken” şertnamalaýyn çäklerde Hazar ýalpaklygyny özleşdirmekde işlerini giňeltmäge hem-de bu pudak üçin ýerli işgärleriň taýýarlanylmagyna mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026