Balkanabatda we Türkmenabatda jaý toýlary tutuldy


Türkmenistanyň welaýat merkezleriniň ikisinde – Balkanabatda we Türkmenabatda nobatdaky jaý toýlary tutuldy. Bu gezek ýokary amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine gowşuryldy.
Balkanabatda penşenbe güni weteranlaryň we Içeri işler ministrliginiň iň gowy işgärleriniň maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçdüler. 40 öýli dört gatly iki sany ýaşaýyş jaýy häzirkizaman ülňülerine laýyklykda taslanyp guruldy we hojalyk enjamlary, aşhana mebeli we ş.m. doly üpjün edildi.

Türkmenabatda ulanmaga berlen 4 gatly, 16 öýli täze ýaşaýyş jaýy hem edil şolar ýaly häzirkizaman ülňülerine laýyk bolup, Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň Lebap welaýat müdirliginiň gullukçylarynyň maşgalalary bu öýleriň bagtyýar eýeleri boldular.
Jaý toýlary, däp bolşy ýaly, aýdym-saza, türkmen milli oýunlaryna, milli däp-dessurlary janlandyrýan kompozisiýalara beslenip geçirildi, tapawutlanan gurluşykçylara döwlet baştutanynyň adyndan sowgat gowşurmak hem türkmeniň täze däpleriniň üstüni doldurdy.
Ýurtda täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler bilen birlikde, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, çagalar meýdançalaryny, giriş ýollaryny gurmak we ş.m. işler üstünlikli amala aşyrylýar.
ORIENT news








