HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň nebit ministri bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar

Sentýabr 21, 2022 | 19:52 |9476
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Pakistanyň Döwlet nebit ministri Musadik Malik bilelikdäki energetika taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar duşenbe güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek baradaky meselä degip geçdiler hem-de onuň energetika ugurlaryny anyklaşdyedylar diýip, türkmen teleradioýaýlymlarynyň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde habar berildi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Pakistanyň Döwlet nebit ministri Musadik Malik bilelikdäki energetika taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar duşenbe güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek baradaky meselä degip geçdiler hem-de onuň energetika ugurlaryny anyklaşdyedylar diýip, türkmen teleradioýaýlymlarynyň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde habar berildi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Pakistanyň Döwlet nebit ministri Musadik Malik bilelikdäki energetika taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olar duşenbe güni Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek baradaky meselä degip geçdiler hem-de onuň energetika ugurlaryny anyklaşdyedylar diýip, türkmen teleradioýaýlymlarynyň täzelikleriniň agşamky goýberilişinde habar berildi.

Gürrüň TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň taslamasynyň öňe ilerledilmegi barada gitdi. Şol taslamanyň üstünde häzir ähli taraplar depginli işleýärler. TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçiriji we optika-süýmli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça pikir alyşyldy. Bellenilişi ýaly, bu taslamalar sebitiň ösmegine hem-de onuň giňişliginde halkara gatnaşyklaryna uly goşant goşar.

Serdar Berdimuhamedow ägirt uly energiýa serişdelerine eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bu ulgamda iri möçberli sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek bilen, sebitde we Ýer ýüzünde durnukly ösüşi saklamak maksady bilen, olaryň eksport edilişini diwerifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny belledi.

Şeýle hem Musadik Malik öz ýurdunda köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren sentýabrda bolup geçen güýçli ýagyşlaryň we sil almalaryň ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmaga goldamakda beren ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026