HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalanyldy

Sentýabr 07, 2022 | 07:47 |8832
Duşenbe güni, 5-nji sentaýbrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,9 million bolan 5 geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 5-nji sentaýbrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,9 million bolan 5 geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 5-nji sentaýbrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $16,9 million bolan 5 geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Gangonkyň we Owganystanyň wekilleri umymy bahasy $7,3 million deň bolan gidro usulda arassalanan dizel ýangyjynyň jemi 7,4 müň tonnasyny satyn aldylar. Harydyň bahasy ozal geçirilen söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 11% pese düşdi hem-de bir tonnasynyň bahasy $997,25 deň boldy.

Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjynyň 10 müň tonnasyny satyn almak üçin geleşikleri baglaşdylar. Nebit önüminiň bahasy ozal baglaşylan şertnamalar bilen deňeşdirilende, 16,7% pese düşdi hem-de bir tonnasynyň bahasy $953,25 deň boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news
Foto: freepik.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

15:15 Iýul 31, 2026
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Niderlandlardaky çykyşlarynyň öňisyrasynda ak pata berdi

Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Niderlandlardaky çykyşlarynyň öňisyrasynda ak pata berdi

05:02 Iýul 31, 2026