HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: karbamid, dizel ýangyjy we göni işlenen benzin islegden peýdalanýar

Awgust 01, 2022 | 22:36 |9117
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $46,5 million we 14,9 million manat bolan 35 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $46,5 million we 14,9 million manat bolan 35 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $46,5 million we 14,9 million manat bolan 35 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Duşenbe güni “B” görnüşli karbamidiň 150 müň tonnasyny Singapura ibermäge iri şertnama baglaşyldy, bu önümiň bir tonnasynyň bahasy $283 deň boldy. Geleşigiň umumy bahasy $42,4 million barabar boldy.

Gidro usulda arassalanan dizel ýangyja-da isleg bildirildi. Daşary ýurtly telekeçiler ony 3 müň tonna möçberinde satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy $3,4 million deň boldy. Nebit önüminiň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 2,7% pese düşüp, bir tonnasynyň bahasy $1 143 deň boldy.

Şeýle hem göni işlenen benzin eksporta ýerlenildi. Ýangyjyň bu görnüşiniň 800 tonnasy jemi $558,8 müň satyn alynyldy. Nebit önüminiň bahasy ozalky söwdalardaky bilen deňedşdirilende, 4,4% artdy we bir tonnasynyň bahasy $698,50 barbar boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026