HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow MA sebitiniň howpsuzlygynyň esasy wehimlerini atlandyrdy

Iýul 22, 2022 | 01:56 |12996
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde sebitdäki howpsuzlygyň esasy wehimlerini atlandyrdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde sebitdäki howpsuzlygyň esasy wehimlerini atlandyrdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde sebitdäki howpsuzlygyň esasy wehimlerini atlandyrdy.

Türkmen Lideri şu görnüşde geçirilen soňky duşuşykdan bäri geçen bir ýylda dünýäniň görnetin üýtgändigini, täze ýagdaýlaryň we çagyryşlaryň Merkezi Aziýa hem degendigini, bu ýerde howpsuzlygy üpjün etmek meselesiniň ýitileşendigini belledi.

Serdar Berdimuhamedow esasy wehimleriň hatarynda sebitiň ýurtlarynda içerki syýasy durnuklylygy bozmaga synanyşyklary, şeýle hem Merkezi Aziýa ekstremistik hem-de radikal ýagdaýalaryň aralaşmak synanyşyklaryny belläp geçdi.

Biziň serhetlerimize ýakynlykda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň mümkin bolan ýaramaz täsiri Merkezi Aziýanyň gapma-garşylykly hereketleriň meýdançasyna öwrülmezligi üçin bizden goranmak serişdelerini döretmegi talap edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, ol MA sebitiniň öz içindäki gapma-garşylyklara getirip bilýän ýagdaýlary howpsuzlyga abanýan wehimleriň hataryna goşdy.

Şeýle hem kiberjenaýatçylyk, maglumat tehnologiýalaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak, daşary ýurtlardan sebitiň halklarynyň däp-dessurlaryna, milli gymmatlyklaryna laýyk gelmeýän maksatlary we meýilleri ýaýratmak howp döredýär diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Baştutanynyň pikirine görä, Merkezi Aziýany parahatçylygyň we rowaçlygyň töwekgelçilikleriniň täsirine düşmeýän durnuklylygyň hem-de ynanyşmagyň çägi hökmünde gorap saklamak üçin sebitiň berk we bölünmez howpsuzlyk ulgamyny döredip bu wehimlere garşy bilelikde agzybirlik hem ynam bilen hereket etmek zerurdyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026