HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

MA ýurtlarynyň Prezidentleri sebit teleýaýlymyny döretmegi we söwdada päsgelçilikleri aýyrmagy maslahatlaşdylar

Iýul 21, 2022 | 19:54 |10882
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary Çolpon-Ata şäherinde geçýän konsultatiw duşuşykda dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar diýip, gyrgyz KHBS ýazýarlar.Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary Çolpon-Ata şäherinde geçýän konsultatiw duşuşykda dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar diýip, gyrgyz KHBS ýazýarlar.
Çeşme:

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlary Çolpon-Ata şäherinde geçýän konsultatiw duşuşykda dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar diýip, gyrgyz KHBS ýazýarlar.

Sebitde ilkinji umumy teleýaýlymy hem-de teletaslamalarynyň tapgyrlaryny döretmek başlangyjy beýan edildi, şolar sebitiň kuwwaty, şeýle hem Merkezi Aziýanyň halklarynyň taryhy we medeniýetleriniň özboluşlylygy barada gürrüň berler.

Şeýle hem teleýaýlym maglumat giňişliginde ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny öňünden duýdurmakda ýurtlaryň özara hereketlerini güýçlendirip biler diýip, Gazagystanyň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda erkin söwda etmäge päsgelçilik berýän bökdençlikleri aradan aýyrmak babatda pikirini aýtdy. Ol MA-da erkin söwda edilmegini, maý goýumlaryny hem-de ulag-üstaşyr düzümleriniň ösdürilmegini sebiti galkyndyrmaga itergi berjek ýagdaýlardygyny nygtady.

Şeýle hem bilelikdäki ýörite syýahatçylyk ugurlaryny guramak, syýahatçylar tarapyndan umumy serhetlerden geçilmeginde biraz ýeňillik girizmek, bilelikdäki syýahatçylyk sergilerini geçirmek hem-de beýlekiler barada teklipler beýan edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

22:00 Awgust 31, 2026
Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

20:00 Awgust 31, 2026
Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

18:00 Awgust 31, 2026