HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: suwuklandyrylan gaz we ýangyçlaryň dürli görnüşleri satyldy

Iýul 21, 2022 | 15:52 |13374
Sişenbe güni, 19-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $5,1 mln we 398,3 müň manat bolan 14 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 19-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $5,1 mln we 398,3 müň manat bolan 14 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 19-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $5,1 mln we 398,3 müň manat bolan 14 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystanyň telekeçileri umumy bahasy $439,5 müň suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. STG-yň bahasy soňky söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 3,5% artyp, bir tonnasynyň bahasy $586 barabar boldy.

L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjy hem Owganystanyň işewür toparlarynda gyzyklanma döretdi. Onuň bahasy geçenki söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 21,4% ýokarlanyp, bir tonnasy $1 208,75 deň boldy. Umumy bahasy $3,6 million bolan bu önümiň eksporta jemi 3 müň tonnasy ýerlenildi.

BAE-niň we Owganystanyň telekeçileri A-98 görnüşli etilsiz awtoulag benzininiň jemi 1 müň tonnasyny satyn aldylar, onuň bir tonnasynyň bahasy $1 121 deň boldy. Geleşikleriň umumy bahasy $1,1 million-dan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler umumy bahasy 396 müň manat bolan Т60-475-119 kysymly ýokary dykyzlykly polietileniň 22 tonnasyny hem-de 2,3 müň manatlyk türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026