HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hususy kompaniýalar Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmäge goşandy üçin sylaglandylar

Iýul 19, 2022 | 23:32 |11569
Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahatyň çäklerinde  Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmäge goşandy üçin ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahatyň çäklerinde  Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmäge goşandy üçin ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.
Çeşme:

Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmäge goşandy üçin ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Ýeňijiler Türkmenistanyň dürli ulag agentlikleriniň hem-de edaralarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň adyndan sylaglandylar.

Daşar ýurtlylardan sylaglananlaryň arasynda Latwiýanyň KELK ulag kompaniýasy, Özbegistanyň “TRANSGROUP Systems L.P.” kompaniýasy, Gazagystanyň TransCaspian Logisticis, Azerbaýjanyň KASPAR kompaniýalary, şeýle hem Magic EURO ASIA Logisticis FZ bar.

Sylaglara hususy türkmen kompaniýalarynyň onusy, şol sanda Türkmenistanda ýurduň ulag-üstaşyr kuwwatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara çärelerini üstünlikli geçirýändigi üçin Turkmen Forum HJ, şeýle hem Hazar Logisticis, TULM, Döwrebap ulag merkezi, EGE, At abraý, Saglyk bagy, Guşgy, Türkmen hyzmat täjirçilik we Ýerlikli hyzmat mynasyp boldular.

Şeýle hem “Turkmen Logistica” (TLA) assosiasiýasy hem-de Türkmen halkara awtomobil daşaýjylar assosiasiýasy (THADA) sylaglara mynasyp boldular. Olaryň işi türkmen ýük daşaýjylarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny ýola goýmagyna ýardam edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026