HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň diplomatik korpusynda wezipä bellemek we boşatmak meselelerine seretdi

Iýul 09, 2022 | 23:29 |12592
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşary döwletlerdäki diplomatik wekillerini bellemek we işden boşatmak baradaky Permanlaryň birnäçesine gol çekdi – diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşary döwletlerdäki diplomatik wekillerini bellemek we işden boşatmak baradaky Permanlaryň birnäçesine gol çekdi – diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Çeşme:

– Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň daşary döwletlerdäki diplomatik wekillerini bellemek we işden boşatmak baradaky Permanlaryň birnäçesine gol çekdi – diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Silapberdi Nurberdiýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri), şol bir wagtyň özünde Wengriýadaky, Çehiýa Respublikasyndaky, Slowakiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasynyň (Wena şäheri, Awstriýa Respublikasy) taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.

Myrat Mämmetalyýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky (Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenmegi sebäpli, Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki Baş konsuly wezipesinden boşadyldy.

Çary Ataýew Türkmenistanyň Ukrainadaky (Kiýew şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenmegi sebäpli, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri), şol bir wagtda Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilliginiň ýolbaşçysy wezipelerinden boşadyldy.

Gurbanmämmet Elýasow Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Hemra Amannazarow bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026