HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Söwda we ulag – Hazarýaka ýurtlarynyň abadançylygyna we rowaçlygyna itergi berýän güýç

Iýun 29, 2022 | 15:32 |10787
Sişenbe güni Aşgabatda Eýranyň daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahian Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş edip, göni başlangyç ugurlar baradaky ylalaşygyň ähmiýetini nygtady.Sişenbe güni Aşgabatda Eýranyň daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahian Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş edip, göni başlangyç ugurlar baradaky ylalaşygyň ähmiýetini nygtady.
Çeşme:

Sişenbe güni Aşgabatda Eýranyň daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahian Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş edip, göni başlangyç ugurlar baradaky ylalaşygyň ähmiýetini nygtady.

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekilen wagtyndan bäri geçen dört ýylda öňe köp ädimler ädildi, emma, ozalkylar ýaly, suw giňişliginde, düýbünde we suw atyndaky baýlyklarda çäk çekmek ýaly meseleler çözülmän galýar.

Göni başlangyç ugurlar baradaky ylalaşygyň taslamasyny işläp düzmek üçin ýokary derejedäki Iş topary döredildi, ol eýýäm resminamany tamamlamak üçin dört mejlisini geçirdi.

Umuman, Abdullahian Hazaryň ýakasyndaky ähli döwletleriň bähbitlerini göz öňünde tutmaga gönükdirilen Hazar konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe ilerleýändigini belledi. Kenarýaka döwletler özara gatnaşyklardan diňe utuş gazanmalydyrlar.

Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysynyň pikirine görä, ministrleriň şu duşuşygynda aýratyn üns berlen söwda we ulag ulgamy Hazarýaka ýurtlarynyň ösüşini, abadançylygyny we rowaçlygyny gazanmak ugrunda alnyp barylýan işlerde itergi berýän güýçdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026