HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kerkide suw serişdelerini dolandyryş merkezi dörediler

Iýun 28, 2022 | 17:58 |14850
Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer  Annageldi Ýazmyradowa Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň dolandyryş merkezinde hemişelik hereket edýän suw çeşmelerini dolandyryş merkezini döretmegi tabşyrdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer  Annageldi Ýazmyradowa Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň dolandyryş merkezinde hemişelik hereket edýän suw çeşmelerini dolandyryş merkezini döretmegi tabşyrdy.
Çeşme:

Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Annageldi Ýazmyradowa Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň dolandyryş merkezinde hemişelik hereket edýän suw serişdelerini dolandyryş merkezini döretmegi tabşyrdy – diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Kerki Türkmenistanda oba hojalygynyň zerurlyklary üçin esasy suw çeşmesi bolan Amyderýanyň günbatar kenarynda ýerleşýär. Bu şäherde suw serişdelerini dolandyryş merkeziniň döredilmegi ekerançylyk ýerleriniň suw bilen doly üpjün edilmegine we suwuň tygşytly peýdalanylmagyna şert döreder.

Türkmen lideri wise-premýere suw gorlarynyň mukdaryny göz öňünde tutup, merkeziň göçme ýygnaklaryny geçirmegi tabşyrdy. Bu ýygnaklarda kabul edilýän çözgütler ýurduň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk ýerleriniň suw serişdeleri bilen üpjün edilmegine ýardam etmelidir.

Şeýle hem, döwlet baştutany suw infrastrukturasyny kadaly ýagdaýda saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi we hökümete ýöriteleşdirilen gulluklar bilen birlikde, bu ugurda agrosenagat toplumynyň işini gowulandyrmak üçin teklipleri taýýarlamagy buýurdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026