HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahalyň täze dolandyryş merkezinde elektrotaksi ulanmak meýilleşdirilýär

Iýun 21, 2022 | 00:47 |17629
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze dolandyryş merkezinde elektrobuslaryň we elektrotaksileriň hyzmatyny ýola goýmagy teklip etdi.Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze dolandyryş merkezinde elektrobuslaryň we elektrotaksileriň hyzmatyny ýola goýmagy teklip etdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde elektrobuslaryň we elektrik togunda işleýän taksileriň hyzmatyny ýola goýmak zerurdyr. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşan iş saparynda bu meseläni öňe sürdi.

– Döwlet baştutany daşky gurşawyň ekologik ýagdaýyny gorap saklamagyň wajypdygyny belläp, ulaglaryň täze görnüşlerine sürüjileri hem-de olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady – diýip, resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy taslamanyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşyp, dolandyryş merkeziniň gurluşygynda “akylly şäher” sanly ulgam kadalarynyň ulanylmagyna ünsi çekdi.

Mundan öň, ýagny geçen ýylyň dekabr aýynda ”Камаз”elektrobuslaryny synag üçin Türkmenistana ibermegi meýilleşdirýändigini kompaniýanyň Baş direktory Sergeý Kogogin aýdypdy.

Türkmenistanyň ulagyň ekologik taýdan amatly bu görnüşini satyn almagy göz öňünde tutýandygy barada 2021-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasyndaky gepleşikleriň netijesi boýunça habar berilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026