“Aýdyň gijeler” menejment ulgamynda ISO-nyň talaplaryna laýyklyk sertifikatyny aldy


“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti sertifikatlaşdyrmak baradaky CERT International halkara edarasyndan menejment ulgamynda ISO 9001:2015 ölçegleriniň hil talaplaryna laýyklygynyň halkara sertifikatyny aldy diýip, kompaniýada ORIENT-e habar berdiler.
Resminama “Halkara Standart Hyzmatlary” hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň geçiren bilermenler derejesindäki barlaglarynyň netijesinde berildi. Onuň resmi gowşurylyşy 25-nji maýda şäheriň güni mynasybetli guralan “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly sergide geçirildi.
ISO 9001:2015 laýyklyk sertifikaty kompaniýanyň önümleriniň we hyzmatlarynyň ýokary hil derejesine eýedigine, öz işgärleri we müşderileri barada alada edýändigine şaýatlyk edýär.
“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda döredildi we häzirki günde ýurdumyzyň has üstünlikli ýokary tehnologiýaly hususy kärhanalarynyň biri bolup durýar. Kompaniýa telefonlary, planşetleri, monobloklary, telewizorlary, köçeleri we otaglary ýagtylandyryjy lampalary düzüp gurnamak bilen meşgullanýar.
ORIENT news








