HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwadalary: Gyrgyzystan türkmen nah ýüplügini satyn aldy

Maý 26, 2022 | 02:26 |9178
Sişenbe güni, 25-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Gyrgyzystanyň wekili towly nah ýüplügiň 80 müň kilogramyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 25-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Gyrgyzystanyň wekili towly nah ýüplügiň 80 müň kilogramyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Sişenbe güni, 25-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Gyrgyzystanyň wekili towly nah ýüplügiň 80 müň kilogramyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Dokma senagaty minsitrliginiň kärhanasynda öndürilen önümiň bir kilogramynyň bahasy $2,40 kesgitlendi. Geleşigiň umumy bahasy $192 müň deň boldy.

TDHÇMB-daky söwdalara şu gün (25-nji maýda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijilerden birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi «EKSPO – 2030 Er-Riýad» Bütindünýä sergisiniň wekili bilen duşuşdy

23:04 Noýabr 05, 2026
Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

Grenlandiýanyň parlamenti Daniýa we ABŞ bilen howpsuzlyk baradaky ylalaşygy makullady

23:00 Noýabr 05, 2026