TDHÇMB-niň söwadalary: geçen hepde $13,5 million geleşikler baglaşyldy


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $13,5 million we 654,4 million manatlyk geleşikleriň 54-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Dellallar suwullandyrylan gazyň bir tonnasy üçin $465 teklip etdiler, bu bolsa aňyrky hedpäniň söwdalaryndaky baha bilen deňeşdirilende, 1,2% pesdir.

Beýik Britaniýanyň wekili söwdalarda umumy bahasy $5,1 million dollarlyk çuňňur arassalanan Jet A-1 awiakerosini satyn aldy.
Ýerli işewürler umumy bahasy 540 million manada deň bolan (tonnasy üçin 6 750 manat) tehniki kükürdiň 80 müň tonnasyny satyn almaga ulu geleşik baglaşdylar.
TDHÇMB-daky söwdalara şu gün (23-nji maýda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
ORIENT news








