Türkmenistanda 2022-nji ýylda iri desgalaryň 50-den gowragy ulanyşa tabşyrylar
Maý 20, 2022 | 21:13 |9056


Şu ýyl Türkmenistanda önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 52-si ulanylyşa tabşyrmaga taýýarlanylýar. Bu barada penşenbe güni Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa wise-premýer Muhammetguly Muhammedow hasabat berdi.
Şolaryň hatarynda saglygy goraýyş we bilim ulgamynyň edaralary, ýaşaýyş jaýlary we söwda merkezleri, durmuş ulgamynyň beýleki desgalary, şeýle hem dürli pudaklaryň kuwwatlyklaryny artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjek senagat kärhanalary bar.
ORIENT news








