HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda salgyt kanunçylygy kämilleşdiriler

Maý 20, 2022 | 21:05 |12315
Penşenbe güni türkmen Hökümetiniň mejlisinde salgyt syýasaty babatda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.Penşenbe güni türkmen Hökümetiniň mejlisinde salgyt syýasaty babatda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme:

Penşenbe güni türkmen Hökümetiniň mejlisinde salgyt syýasaty babatda milli kanunçylygyň kämilleşdirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowanyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewiň Prezident Serdar Berdimuhamedowa habar berişleri ýaly, parlamentiň palatalarynda maliýe-ykdysadyýet ulgamynyň bilermenleri bilen gatnaşykda birnäçe kanunlary, şol sanda salgytlar, maýa goýumlar, kärhanalar, paýdarlar jemgyýetleri, lizingler, telekeçilik işi hakyndaky kanunlary hem-de Gümrük Kodeksini täzelemek boýunça işler alnyp barylýar.

Wise-premýer Muhammetguly Muhammedow, öz nobatynda, Ministrler Kabinetiniň geçenki mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň milli salgyt ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Salgyt Kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýet we durmuş ulgamyny ösdürmekde oňyn salgyt syýasatynyň eýeleýän ornuny nygtady hem-de wise-premýere Salgyt Kodeksini döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri düýpli seljermegi we olaryň üstünde ýene-de işläp, soňra Ministrler Kabinetine garamaga bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem Muhammetguly Muhammedow Döwlet býujetiniň, durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň esasy ugurlarynyň hem-de Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalarynyň düzülişi barada hasabat berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026