TDHÇMB-niň söwdalary: kükürtden arassalanan dizel ýangyjy we tüýjümek önümler eksporta satyldy


Sişenbe güni, 17-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $3,5 million we 1,2 milliondan gowrak manat bolan 4 geleşik baglaşyldy, diýip ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Owganystandan we Özbegistandan gelen telekeçiler 3,2 million dollara jemi 4 müň tonna kükürtden arassalanan dizel ýangyjyny ($812,75) satyn aldylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri boýalan tüýjümek önümleriniň (her kg. üçin $5.50) $302,5 müň almak barada şertnama baglaşdylar.
Içerki bazarda hususy ulgam umumy bahasy 1,2 million manatlyk T60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 70 tonnasyny (18 müň TMT) satyn aldy.
Şu güni (19-njy maýda) söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
ORIENT news








