HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen Lideri watandaşlarymyzy Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

Maý 18, 2022 | 21:16 |12302
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Taryh üçin gysga döwürde Türkmenistanda konstitusion gurluş kämilleşdirildi hem-de jemgyýetiň sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün edýän kanunlar kabul edildi diýip, döwlet Baştutany gutlagynda nygtady.

Ýurtda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň täze ulgamy kemala getirildi, iki palataly kanun çykaryjy täze edara – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi döredildi. Bularyň ählisi ösen syýasy we hukuk ulgamy bolan döwlet hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrdy diýip, türkmen Lideri belledi.

Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni 18-nji maýda bellenilýär we şol gün ýurtda dynç güni diýlip yglan edildi.

Baýramçylygyň öňýanynda Aşgabatda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: kanunçykaryjylyk işiniň täze taryhy eýýamy we häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Nyuşanyň, Hadiseniň, Murat Bozyň we Maýa Diabyň gatnaşmagynda Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

23:30 Oktýabr 05, 2026
Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

Gazagystanly awtor Astanada geçirilen halkara AI-kinofilm festiwalynda ýeňiji boldy

23:03 Oktýabr 05, 2026
Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

Tramp ABŞ-da «super intellekti» ösdürmek boýunça federal toparyny döretdi

22:00 Oktýabr 05, 2026