HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ahalda “Täze saba” HJ-niň diş çotgalaryny öndürýän täze zawody açyldy

Maý 18, 2022 | 04:32 |12188
“Täze saba” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda diş çotgalaryny öndürýän täze zawody işe girizdi diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.“Täze saba” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda diş çotgalaryny öndürýän täze zawody işe girizdi diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

“Täze saba” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda diş çotgalaryny öndürýän täze zawody işe girizdi diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Bahasy 22 million manada barabar bolan desga bir ýylda CV Dent söwda nyşanly diş çotgalarynyň 5 million sanysynyň, taýýarlanylmagyny üpjün eder, geljekde onuň önümçiligini ýylda 22 million sana çenli giňeldip bolar. Zawodyň taýýar önüminiň bahasy ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän şunuň ýaly önümleriň bahasyndan 10 esse arzan bolar.

Kärhanada täze iş orunlarynyň 34-si döredilip, geljekde onuň möçberini 100-e çenli artdyrmak mümkinçiligi bar. Bu bolsa döwletiň işe ýerleşmek babatda ýaşlar syýasatynyň Gökdepe etrabynda durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

В Ахале открыли новый завод по производству зубных щеток

Zawodyň önümleri agyry dörediji bakteriýalaryň köpelmegini aradan aýyrýan polimer serişdelerinden taýýarlanylar. Çig maly esasy iberijileri ýurdumyzyň polipropilen öndürjisi bolan Gyýanlydaky polimer zawodydyr we Italiýanyň neýlon sapaklaryny öndürjisi bolup durýar.

Zawodda önümçilik iň täze programma üpçünçiliginiň ulanylmagy arkaly doly awtomatlaşdyrylandyr, çünki diş çotgalary arassaçylygyň üpjün edilmegini talap edýän gigiýena önümi bolup durýar. Awstriýanyň we Germaniýanyň önümçilik enjamlary dişleriň sagdynlygyna seretmäge niýetlenilen serişdeleriň her günde ýigrimi bäş müňe çenlisiniň öndürilmegini üpjün edýär.

В Ахале открыли новый завод по производству зубных щеток

“Täze saba” HJ-i şu ýyl diş çotgalarynyň 4,2 million sanysy öndürdi, olaryň 2,6 milliony daşary ýurtlara eksport edildi, 1,6 million sanysy bolsa içerki bazarda ýerlenildi. Kärhana Türkmenistanyň çäklerinde her aýda gigiýena önümleriniň 150 müňden gowragyny satýar.

Häzrki wagtda CV Dent diş çotgalary Birleşen Arap Emirliklerine, Russiýa, Gazagystana, Özbegistana, Azerbaýjana, Owganystana, Belarusa we Türkiýa satuwa ugradylýar. Ýakynda “Täze saba” halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän ISO 9001-2015, ISO 14001-2015 we ISO 45001-2018 sertifikatlaryny aldy. Bu bolsa Hojalyk jemgyýetine Ýewropa ýurtlaryna hem-de ABŞ-a eksport etmegi giňeltmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026