Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwdalary: dizel ýangyjynyň bahasy pese düşdi

Maý 14, 2022 | 00:57 |11400
Penşenbe güni, 12-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak üçin daşary söwda geleşikleriniň 3-si we L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjyny satyn almaga geleşikleriň 4-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 12-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak üçin daşary söwda geleşikleriniň 3-si we L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjyny satyn almaga geleşikleriň 4-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Penşenbe güni, 12-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak üçin daşary söwda geleşikleriniň 3-si we L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjyny satyn almaga geleşikleriň 4-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny bahasy geçen söwdalar bilen deňeşdirilende, 6,4% peseldi hem-de tonnasynyň bahasy $1043 deň body. L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjynyň bir tonnasynyň bahasy $995,50 deň boldy.

Suw bilen arassalanan dizel ýangyjyny Türkiýe (5 müň tonna) we BAE (7,2 müň tonna) satyn aldy. L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjyny hem Türkiýe (5 müň tonna), BAE (2,5 müň tonna) we Beýik Britaniýa (2,5 müň tonna) satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler 3,3 million manada Т60-475-119 görnüşli ýokary dykyzlykly polietileniň 184 tonnasyny satyn aldylar. Önümiň bir tonnasynyň bahasy 18 müň manada deň boldy.

Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026