HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ysraýylyň Prezidenti 67 deputatyň goldawyny alan Gadi Aýzenkota hökümeti düzmegi resmi taýdan tabşyrdy

Noýabr 09, 2026 | 12:00 |250
Çeşme: orient.tm

Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog 8-nji noýabrda oppozisiýadaky merkezçi «Ýaşar» partiýasynyň ýolbaşçysy Gadi Aýzenkota ýurduň täze hökümetini düzmegi resmi taýdan tabşyrdy.

Bu karar oktýabr aýynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň kabul edildi. Saýlawlaryň netijesinde premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň dolandyryjy koalisiýasy Knessetdäki köplügini ýitirdi.

120 orunlyk parlamentiň 67 deputaty Aýzenkotyň dalaşgärligini goldady. Netanýahuny bolsa 46 deputat goldady. Resmi ygtyýarlygy gowşurmak dabarasynda Prezident Gersog syýasy güýçleri jebislige we uzak wagtlap işläp biljek durnukly hökümeti döretmäge çagyrdy.

Öň Ysraýylyň Goranmak güýçleriniň Baş ştabyna ýolbaşçylyk eden Aýzenkot ýurduň örän çylşyrymly döwri başdan geçirýändigini aýtdy.

Onuň baha bermegine görä, birnäçe ugurda dowam edýän çaknyşyklaryň maksatlary heniz gazanylmady, Ysraýylyň halkara gatnaşyklary agyr çökgünligi başdan geçirýär, ýurduň demokratiýasy bolsa iň çynlakaý synaglarynyň biri bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Aýzenkot häzirki syýasy ugruň dowam etdirilmeginiň ýurdy yzyna dolanmak kyn bolan ýagdaýa getirip biljekdigini duýdurdy. Şeýle-de bolsa, ol Knessetde giň köplügiň goldawyna daýanýan täze hökümeti döredip biljekdigine ynam bildirdi.

Aýzenkot Binýamin Netanýahunyň «Likud» partiýasyny we maliýe ministri Besalel Smotriçiň «Dini sionizm» partiýasyny hem koalisiýa goşmaga taýýardygyny mälim etdi. Munuň üçin şol partiýalar onuň ýolbaşçylygyndaky hökümeti we öňe süren ýörelgelerini goldamaly.

Ol özüne ses beren ýa-da bermedik ähli Ysraýyl raýatlarynyň premýer-ministri bolmagy maksat edinýändigini hem belledi. Ysraýylyň kanunçylygyna laýyklykda, Aýzenkota hökümeti düzmek üçin 28 gün berilýär. Zerur bolan ýagdaýynda bu möhlet ýene 14 gün uzaldylyp bilner.

Emma Aýzenkotyň dört partiýadan ybarat bileleşigi Knessetde bary-ýogy 48 orna eýedir. Şonuň üçin hökümeti döretmek maksady bilen ol arap deputatlarynyň ýa-da beýleki parlament partiýalarynyň goldawyny gazanmaly bolar.

Netanýahu mundan ozal milli jebislik hökümetini döretmäge çagyrdy. Täze hökümet kasam kabul edýänçä, ol premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetirmegini dowam etdirer.

Eger Aýzenkot bellenilen möhletde hökümet koalisiýasyny döredip bilmese, Prezident bu ygtyýarlygy başga bir dalaşgäre berip biler. Şeýle hem Knessetiň azyndan 61 deputaty öz saýlan dalaşgärine hökümeti düzmek ygtyýarlygynyň berilmegini Prezidentden haýyş edip biler.

Bu synanyşyklaryň ählisi netijesiz tamamlanan ýagdaýynda parlament dargadylar we ýurtda täze saýlawlar geçiriler.

SSTV+-niň habar bermegine görä, Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog 8-nji noýabrda Gadi Aýzenkota täze hökümeti düzmek ygtyýarlygyny resmi taýdan gowşurdy. «Ýaşar» partiýasynyň ýolbaşçysy Knessetiň 67 deputatynyň goldawyny alyp, hökümet koalisiýasyny döretmek üçin 28 günlük möhlete eýe boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar

22:31 Noýabr 09, 2026
OPEC: Nebit daşamagyň bahasy 12 essä golaý, ätiýaçlandyryş çykdajylary 200 esseden gowrak ýokarlandy

OPEC: Nebit daşamagyň bahasy 12 essä golaý, ätiýaçlandyryş çykdajylary 200 esseden gowrak ýokarlandy

13:00 Noýabr 09, 2026
Ysraýylyň Prezidenti 67 deputatyň goldawyny alan Gadi Aýzenkota hökümeti düzmegi resmi taýdan tabşyrdy

Ysraýylyň Prezidenti 67 deputatyň goldawyny alan Gadi Aýzenkota hökümeti düzmegi resmi taýdan tabşyrdy

12:00 Noýabr 09, 2026