Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatyna gatnaşýar


2026-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly wekilleriniň maslahatynyň (PP-26) açylyş dabarasyna gatnaşdy.
2026-njy ýylyň 09-27-nji noýabry aralygynda dowam edýän bu halkara çäre dört ýylda bir gezek geçirilip, telekommunikasiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan HTB-niň ýokary derejeli çözgütleri kabul ediji forumydyr.

Maslahatyň gün tertibinde dünýä telekommunikasiýa infrastrukturasyny giňeltmek, sanly aragatnaşyga maýa goýumlaryny çekmek, aragatnaşyk ulgamlarynyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de sanly hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu gün maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Estoniýanyň Adalat we sanly işler boýunça ministri hanym Liisa-Ly Pakosta bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky häzirki zaman meýilleri boýunça pikir alyşdylar hem-de telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçiliklerine garadylar.

Şeýle hem Maslahatyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň ýolbaşçylary we daşary ýurtlaryň aragatnaşyk ministrleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň bu iri halkara maslahata gatnaşmagy Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.
Maslahat öz işini dowam etdirýär.









