HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kanada bilen Birleşen Arap Emirlikleri erkin söwda ylalaşygyna gol çekdi

Oktýabr 29, 2026 | 18:00 |269
Çeşme: orient.tm

Kanada bilen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) erkin söwda ylalaşygyna sişenbe güni Ottawada gol çekdiler. Ylalaşyga gol çekmek dabarasy Kanadanyň premýer-ministri Mark Karniniň sapar bilen gelen Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy şeýh Halid bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.

Iki ýurt gepleşikleri rekord derejedäki 47 günüň içinde tamamlap, Kanada-BAE Giňişleýin ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdy. Kanadanyň premýer-ministriniň edarasy tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, bu iki ýurduň haýsydyr biriniň erkin söwda ylalaşygyny baglaşmak üçin sarp eden iň gysga wagty boldy.

Ylalaşyk doly güýje girenden soň, Kanadanyň häzirki wagtda BAE-e eksport edýän harytlarynyň 99 göteriminden gowragyna degişli gümrük paçlary peseldiler ýa-da ýatyrylar. Şeýle hem resminama nyrh däl söwda päsgelçiliklerini aradan aýyrmagy, söwda we maýa goýumlary üçin has öňünden çaklap bolýan şertleri döretmegi, Kanada harytlarynyň we hyzmatlarynyň BAE bazaryna elýeterliligini giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Ylalaşyk senagat we oba hojalyk önümlerini, tokaý hojalygyny, balyk we deňiz önümlerini, daşky gurşaw hyzmatlaryny hem-de inženerçilik çözgütlerini öz içine alýar. Onuň 2027-nji ýylda güýje girmegine garaşylýar.

Kanadanyň premýer-ministriniň edarasy Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasynyň Kanada ilkinji gezek sapar etmeginiň BAE-niň Kanada ykdysadyýetine 70 milliard Kanada dollary (takmynan 50 milliard ABŞ dollary) möçberinde maýa goýmak baradaky borçnamasynyň ýerine ýetirilmeginde möhüm öňegidişlik bolandygyny belledi. Bu maýa goýum borçnamasy Karniniň 2025-nji ýylyň noýabrynda Abu-Däbä eden saparynyň dowamynda yglan edilipdi.

Söwda ylalaşygyndan başga-da, taraplar täjirçilik we energetika hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe ylalaşyga, şeýle hem goranyş hyzmatdaşlygy we diplomatlary taýýarlamak meseleleri boýunça iki özara düşünişmek memorandumyna gol çekdiler. Mundan başga-da, ekstradisiýa şertnamasy we özara hukuk kömegi baradaky şertnama boýunça gepleşiklere başlamak meýilnamasyny yglan etdiler.

Kanadanyň premýer-ministriniň edarasynyň habar bermegine görä, täze ylalaşyk iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge, harytlaryň we hyzmatlaryň bazarlara çykmagyny ýeňilleşdirmäge hem-de dürli pudaklarda maýa goýumlary we hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Katar Döwletiniň meşhur «Al-Sharq» gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň makalasy çap edildi

Katar Döwletiniň meşhur «Al-Sharq» gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň makalasy çap edildi

18:13 Oktýabr 29, 2026