Türkmenistanyň Prezidenti Ýaragly Güýçleriň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumyny açdy


21-nji Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Döwrebap harby şäherçäniň düzümine dolandyryş binasy, esger ýatakhanalary, halkara derejesindäki lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi, naharhana, okuw päsgelçilik ýodasy we sport meýdançalary girýär. Dolandyryş binasy bilen tanyşlygyň dowamynda döwlet Baştutany milli goşunyň düzümindäki döwrebap ýaraglar we uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de olaryň häzirki zaman aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de Watan goragçylaryň gulluk etmegi we dynç almagy üçin döredilen durmuş şertlerine baha berdi.
Harby doktrina laýyklykda, harby gullukçylaryň maşgalalaryny durmuş taýdan goramak meselesine aýratyn üns berilýär. Toplumyň çäginde jemi 96 hojalyga niýetlenen, her biri 48 öýli, 2 gatly 2 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, şeýle hem sadaka jaýy, dükan, çagalar oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Prezident Serdar Berdimuhamedow öýleriň birine baryp gördi we maşgala agzalaryny täze toplumyň açylmagy, täze jaýa göçüp gelmekleri bilen gutlady. Soňra döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň binalar we desgalar toplumyna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy hem-de Watanyň goragçylaryna döwlet tarapyndan goldaw bermegiň ileri tutulýan ugur bolup galjakdygyny nygtady.









