Türkmenistanly ýaşajyk aýdymçy Moskwada geçiriljek «Ak hasa» festiwalynda çykyş ederler


15-nji oktýabrda, Halkara Ak hasa gününde, Moskwanyň «Moskwa» konsert zalynda XVII “Ak hasa” (“Белая трость”) atly halkara haýyr-sahawat festiwaly geçiriler. Bu däbe öwrülen inklýuziw aýdym-saz baýramy 11 ýurtdan bolan, görüş ukyby bolmadyk we gowşak görýän 50-den gowrak aýdymçyny bir ýere jemleýär. Taslamanyň esasy sahnasynda Türkmenistana wekilçilik edýän ýaşajyk aýdymçy Babagylyç Annaçaryýew hem çykyş eder.

Aýdymçy Diana Gurskaýa tarapyndan esaslandyrylan bu taslama 17 ýylyň dowamynda 12 müňden gowrak zehinli çagany birleşdiren ajaýyp halkara däbine öwrüldi. Festiwalyň esasy maksady aýratyn zerurlyklary bolan çagalara özlerine ynam döretmäge, döredijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we sahnanyň ussatlary bilen bilelikde aýdym aýtmaga mümkinçilik bermekden ybaratdyr. Şu ýyl festiwalyň döredijilik sahnasynda çagalar bilen birlikde Diana Gurskaýa, Ani Lorak, Zara, Walerýa we beýleki meşhur sungat işgärleri hem çykyş ederler.

Saýlama tapgyrlary fewral aýyndan sentýabr aýyna çenli geçirildi. Finala Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Gruziýa we Serb Respublikasyndan gelen ýaşajyk aýdymçylar gatnaşmak hukugyna eýe boldular. Çagalar üçin şeýle giň gerimli gala-konserte gatnaşmak diňe bir aýdymçylyk karýeralarynyň möhüm tapgyry bolman, eýsem, dostlugyň, hakyky goldawyň we sungatyň çäksiz mümkinçilikleriniň baýramyna hem öwrüler.








