Gazagystanyň teleýaýlymlary Türkmenistanda ýaýlyma berlip başlanar


Türkmenistan bilen Gazagystan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler. Şu maksat bilen taraplar hemişelik hereket edýän bilelikdäki media geňeşini döretmek barada ylalaşdylar. Hyzmatdaşlygyň ilkinji amaly netijeleriniň biri Gazagystanyň Silk Way we Silk Way Cinema halkara teleýaýlymlarynyň Türkmenistanda ýaýlyma berlip başlanmagy bolar. Bu barada «Ratel Media» halkara habarlar agentligi habar berýär.
Ylalaşyga 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gol çekildi. Resminama Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň teleradio toplumynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri tarapyndan gol çekilip, tassyklanyldy.
Täze media geňeşi iki ýurduň arasynda şeýle görnüşdäki ilkinji hemişelik hereket edýän mehanizm bolar. Ol döwlet tele we radio kompaniýalarynyň arasynda hünär gatnaşyklaryny giňeltmäge, maglumat we media mazmuny alyşmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Silk Way halkara teleýaýlymy daşary ýurtly tomaşaçylary Gazagystanda, Merkezi Aziýada we dünýäniň beýleki sebitlerinde bolup geçýän wakalar bilen tanyşdyrýar. Silk Way Cinema teleýaýlymy bolsa kinematografik eserleri görkezmäge ýöriteleşýär.
Iki teleýaýlym hem Gazagystanyň Prezidentiniň teleradio toplumynyň düzümine girýär. Bu toplumyň düzüminde Jibek Joly respublikan teleýaýlymy, şol bir at bilen hereket edýän radioýaýlym, Silk Way Prime halkara teleýaýlymy, Kazinform habarlar agentligi, Dokumental kino merkezi we TRKLAB sanly bölümi hem bar.








