Germaniýada “Demirgazyk akym” gaz geçirijileriniň partladylmagy boýunça ilkinji kazyýet işi başlandy
Germaniýanyň Gamburg şäherinde çarşenbe güni 2022-nji ýylyň sentýabrynda “Demirgazyk akym-1” we “Demirgazyk akym-2” gaz geçirijileriniň partladylmagy bilen bagly ukrain raýaty Sergeý K.-nyň üstünden kazyýet işi başlandy. Bu waka “Demirgazyk akym” gaz geçirijilerindäki partlamalar boýunça geçirilýän ilkinji kazyýet işi boldy.
Germaniýanyň prokuraturasynyň maglumatyna görä, günäkärlenýän adam suwasty ýüzüjilerden we partlaýjy serişdeler boýunça hünärmenlerden ybarat toparyň işine ýolbaşçylyk edip, diwersion hereketleri meýilleşdirmäge we amala aşyrmaga gatnaşypdyr.
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Daniýanyň we Şwesiýanyň golaýyndaky Baltika deňziniň düýbünde bolan partlamalar “Demirgazyk akym-1” we “Demirgazyk akym-2” gaz geçirijileriniň dört şahasyndan üçüsine zeper ýetirip, uly möçberde gaz syzmagyna sebäp boldy. Derňewçiler bu wakany bilkastlaýyn edilen diwersion hereket diýip hasaplaýarlar.
Kazyýet mejlisinde Sergeý K. aýyplama okalandan soň görkezme bermekden ýüz öwürdi. Gorag tarapy onuň hüjüme gatnaşandygyny subut edýän anyk delilleriň ýokdugyny aýtdy. Şeýle hem esasy hukuk meseleleriniň biriniň gaz geçirijileriniň raýat energetika infrastrukturasymy ýa-da harby nyşanmy diýen soragdygyny belledi.
Kazyýet 17-nji dekabra çenli 16 mejlis belleýär. Goşmaça diňlenişikleriň geljek ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda geçirilmegine garaşylýar. Sergeý K. 2025-nji ýylyň awgustynda Italiýada tussag edilip, soňra Germaniýa ekstradisiýa edildi. Germaniýanyň federal prokuraturasy oňa şu ýylyň iýul aýynda resmi aýyplama bildirdi.
CCTV+ habar bermegine görä, derňew onuň mobil telefonyndaky maglumatlara we diňlenen telefon gepleşiklerine hem salgylanýar. Prokuraturanyň pikiriçe, bu maglumatlar onuň diwersion hereket bilen baglanyşygyny görkezýär.








