HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümler Bütindünýä nebit kongresiniň işine päsgel berdi

Oktýabr 15, 2026 | 14:00 |84
Çeşme: orient.tm

Er-Riýadda geçirilýän Bütindünýä nebit geňeşiniň 25-nji Energetika kongresiniň işi husylaryň Şa Halid halkara howa menziline edýän hüjümleri sebäpli kynlaşdy.

Bäş gün dowam etjek halkara energetika forumy ýekşenbe güni açyldy. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hökümet wekilleri gatnaşýar. Çäre howa menzilinden takmynan 10 kilometr uzaklykda ýerleşýän Riyadh Front sergi we maslahatlar merkezinde geçirilýär.

Howa menziline dowam edýän hüjümler we halkara uçuşlarynyň bozulmagy köp sanly gatnaşyjyny sapar meýilnamalaryny üýtgetmäge mejbur etdi. ExxonMobil, TotalEnergies, Shell we BP kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary çärä hut özleriniň gatnaşmagyny ýatyrdylar.

Kongrese gatnaşýanlaryň köpüsi hem Er-Riýaddaky hüjümler barada açyk gürrüň bermekden saklandy we bu meseläni örän duýgur tema hökmünde häsiýetlendirdi. Dartgynlygyň artmagy Saud Arabystanynyň syýahatçylyk pudagyna hem täsir etdi.

Er-Riýadyň esasy syýahatçylyk ýerleriniň biri bolan Dirýada, aýratyn-da daşary ýurtly syýahatçylaryň sany adaty döwür bilen deňeşdirilende azaldy.

Halkara syýahatçylygyny ösdürmek soňky ýyllarda Saud Arabystanynyň möhüm ykdysady ugurlarynyň biri boldy. Emma gaýtalanýan hüjümler we howa gatnawyndaky bökdençlikler syýahatçylyk hem-de beýleki täjirçilik işlerine goşmaça kynçylyk döredýär.

CCTV+ habar bermegine görä, hüjümleriň täsiri diňe energetika kongresi bilen çäklenmän, Saud Arabystanynyň syýahatçylyk, halkara gatnawlary we işewürlik işjeňligine hem täsir edýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Azerbaýjan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Azerbaýjan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

18:30 Oktýabr 15, 2026
Beauty Istanbul 2027: türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek halkara gözellik sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Beauty Istanbul 2027: türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek halkara gözellik sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

18:23 Oktýabr 15, 2026
Daşkentde häzirki zaman sungatynyň XI halkara biennalesi: esasy wakalar we geçiriljek meýdançalar

Daşkentde häzirki zaman sungatynyň XI halkara biennalesi: esasy wakalar we geçiriljek meýdançalar

18:19 Oktýabr 15, 2026