Tähranda Şems Tebrizi we Möwlana Rumy ýaly şahyrdyr akyldarlary hatyralamak dabarasy geçirildi


29-njy sentýabrda Tähranda Gündogaryň beýik şahyrlaryna we akyldarlaryna — Şems Tebrizi hem-de Möwlana Jelaleddin Rumä bagyşlanan dabaraly hatyralama çäresi geçirildi. Çäräni Medeni mirasy gorap saklamak we wagyz etmek assosiasiýasy gurady.
Çärä sebitiň ýurtlarynyň öňdebaryjy alymlary, barlagçylary, medeniýet işgärleri we nusgawy şygryýetiň muşdaklary gatnaşdylar. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG / ECO) Medeniýet institutynyň prezidenti Muhammad Hasan çykyşynda Şems Tebriziniň we Rumynyň ruhy hem-de edebi mirasynyň aýry-aýry döwletleriň çäklerinden has uzaklara ýaýraýandygyny, sebitiň halklary üçin umumy medeni giňişligi kemala getirýändigini nygtady.
Duşuşyga gatnaşyjylar Möwlananyň özara hormat goýmak, ynsan mertebesi we medeniýetleriň arasyndaky dialog baradaky ynsanperwer garaýyşlarynyň häzirki döwürde hem ähmiýetlidigini bellediler. Çäräniň ahyrynda edebiýat, sungat we ýaşlar maksatnamalary arkaly umumy ruhy mirasy wagyz etmegiň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.
ORIENT









