Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy
Filippinleriň Wulkanologiýa we seýsmologiýa gullugynyň habar bermegine görä, Maniladan 60 kilometrden gowrak günortada, Batangas welaýatynda ýerleşýän Taal wulkany penşenbe güni agşam atyldy.
Edaranyň maglumatlaryna görä, ýerli wagt bilen sagat 18:06-da takmynan bäş minut dowam eden kiçi göwrümli freatomagmatik atylma bolup geçdi.
Netijede, wulkanyň krateriniň üstünden 4 müň metre çenli beýiklige goýy çal reňkli kül sütüni göterildi. Külüň günorta-günbatar tarapda ýerleşýän etraplara düşmegine garaşylýar.
Taal Filippinleriň iň işjeň wulkanlarynyň biri hasaplanýar. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda bolup geçen güýçli atylma wagtynda takmynan 380 müň adam ewakuasiýa edildi. Şeýle hem welaýatda ýaşaýyş jaýlaryna, fermalara we ýollara zeper ýetdi.
“CCTV+”-niň habar bermegine görä, Filippinler Ýuwaş ummanyň «Otly halkasy» diýlip atlandyrylýan zolagynda ýerleşýär. Şonuň üçin bu ýurtda ýer titremeleri we wulkan işjeňligi yzygiderli bolup geçýär.







