«Dutaryň owazy» festiwaly Moskwada ahalteke bedewlerine bagyşlanan çeperçilik sergisini geçirer


2026-njy ýylyň 1-nji noýabrynda, Nury Halmämedow adyndaky «Dutaryň owazy» ýubileý X Moskwa halkara sungat festiwalynyň dabaraly gala-konsertiniň geçiriljek gününde, Zurab Sereteliniň sungat galereýasynda (Moskwa, Preçistenka köçesi, 19-njy jaý) «Ahalteke bedewleri — behişdi atlar» atly çeperçilik sergisi açylar. Ekspozisiýa Türkmenistanyň milli nyşanyna we Gündogaryň iň gadymy hem-de şahyrana keşpleriniň biri bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan rus hem-de türkmen ussatlarynyň nakgaşçylyk we grafika eserlerini jemlär.
Ahalteke bedewi — bu diňe bir atyň tohumy däl. Ol syrdam gözelligiň, çydamlylygyň we müňýyllyklaryň taryhynyň özünde jemlenen janly rowaýatdyr. Gadymy Hytaýda olara «behişdi atlary» diýilýärdi, olaryň adamlary «ölmez-ýitmezlik ýurduna» alyp gidip biljekdigine ynanylýardy. Ahalteke bedewleri Russiýanyň taryhynda hem öçmejek yz galdyrdy. 1945-nji ýylyň 24-nji iýunynda Sowet Soýuzynyň marşaly Georgiý Žukow taryhy Ýeňiş ýörişini ahalteke bedewiniň üstünde kabul edipdi: serkerdäniň syrdam bedewiň üstündäki keşbi Beýik Ýeňşiň iň tanalýan nyşanlarynyň biri hökmünde taryha hemişelik girdi.
1935-nji ýylda bolsa ahalteke bedewleri görlüp-eşidilmedik at çapyşygyny amala aşyryp, Aşgabatdan Moskwa çenli 4300 kilometr aralygy 84 günde geçdiler we ajaýyp çydamlylygyny görkezdiler. Bu tohum ýokary sport üstünliklerinde hem özüni görkezdi: Sergeý Filatowyň dolandyran Absеnt atly bedewi 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda at üstünde ýöretmek boýunça (dressage) Olimpiýa çempiony boldy.
Behişdi bedewiň keşbi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we gündogar senenamasy boýunça At ýyly mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän 2026-njy ýyl bilen baglylykda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Nury Halmaämedowyň adyny göterýän festiwal üçin bu keşp örän tebigy we çuň manylydyr. Kompozitor ömrüniň dowamynda öz dogduk topragynyň giňişliklerini, sähra ýellerini, gadymy rowaýatlaryny ýüreginde aýap saklady. Onuň sazy edil ajaýyp tebigat görnüşlerini çekýän ýaly bolup, suratkeşler bolsa bu owazlara aýdyň şekil berýärler.

«Dutaryň owazy» festiwalynyň ähli sergi maksatnamasynyň düşünje taýdan ugrukdyryjysy Nury Halmaämedowyň hut özüniň aýdan sözleri boldy: «Eger men kompozitor bolmadyk bolsam, suratkeş bolardym». Bu sözler guramaçylaryň diňe bir konsertleriň dowamynda surat eserlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem sungatlaryň özara sazlaşygynyň janly giňişligini döretmek ugruny kesgitledi.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow ýubileý festiwalynyň guramaçylyk toparyna we gatnaşyjylaryna iberen gutlag ýüzlenmesinde bu baglanyşygyň simwolik ähmiýetini aýratyn nygtady: Nury Halmämedow nakgaşlygy tüýs ýürekden söýüpdir we suratkeşler bilen dostlukly gatnaşyk saklapdyr, onuň zehini döwrüň görnükli şahsyýetleri tarapyndan mynasyp derejede ykrar edilipdir, ussadyň döredijilik mirasy bolsa onuň saz pikirlerini baky keşplerde janlandyrýan suratkeş ussatlary üçin güýçli ylham çeşmesine öwrülipdir.
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygynyň belleýşi ýaly, bu formatyň kemala gelmeginde SSSR-iň we Russiýanyň halk suratkeşi, Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň prezidenti Zurab Konstantinowiç Sereteliniň möhüm hyzmaty bolupdyr. Ol ilkinji ýyllardan başlap festiwalyň çeper ýolbaşçysy, kompozitor Mämed Guseýnowyň başlangyjyny goldap, festiwalyň taslamalary üçin Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň muzeý-sergi toplumynyň zallaryny hödürledi. Bu bolsa hakyky sungatyň serhet tanamaýandygynyň nyşany boldy.

Dokuz ýyllyk sergi taryhy
Geçen ýyllaryň dowamynda festiwalyň sergi taslamalary döredijilik dialogynyň aýdyň ýyl ýazgysyna öwrüldi:
II festiwal (2016). Taslamanyň sergi taryhyny «Gadymy Merwiň rowaýatlary: keşbiň ösüşi» atly ekspozisiýa açdy. Onda Mary nakgaşçylyk mekdebiniň on ussadynyň 60 sany nakgaşçylyk we grafika eseri ýerleşdirildi: Ata Akyýew, Allaberdi Amangeldiýew, Bazargeldi Gurbangeldiýew, Gurbangeldi Gurbanow, Annadurdy Myradaliýew, Annageldi Meretgeldiýew, Kössekmyrat Nurmyradow, Aýnagözel Nuryýewa, Allaberdi Öwezdurdýew, Çary Hümmedow. Bu serginiň Halmaämedow bilen baglanyşygy aýratyn şahsy häsiýete eýedi: kompozitor Baýramalyda ýerleşýän ÝUNESKO-nyň goragyndaky Gadymy Merwiň ýanyndaky çagalar öýünde önüp-ösüpdir. Gadymy şäheriň taryhy ruhy onuň sazyna ylham beripdir. Zurab Sereteli adyndaky sungat galereýasynda geçirilen açylyş dabarasynda «Gadymy Merwiň çeper rowaýatlary» atly kitap-albomyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.

III festiwal (2017). «Gündogar ertekiler dünýäsinden» atly miniatýuralar ekspozisiýasy SSSR-iň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň 95 ýyllygyna bagyşlandy. Suratkeş bilen kompozitory köp ýyllaryň dostlugy baglanyşdyrýardy: 1979-njy ýylda Gylyjow Halmämedowyň «Üç desse» atly romanslar ýygyndysyny bezäpdir. Şeýlelikde, gündogar şygryýetiniň we grafikasynyň owazdan çyzyga we reňke geçişini görkezipdir.
IV festiwal (2018). «Reňkli durmuş» atly sergi tomaşaçylary Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş we režissýor, «türkmen animasiýasynyň atasy» diýlip atlandyrylan Ýewgeniý Mihelsonyň dury akwarel eserleri bilen tanyşdyrdy. Halmämedow onuň sekiz sany multfilmine, şol sanda «Öýsüz Kongurja», «Dostlar», «Howsala» ýaly eserlerine saz ýazypdyr. Olaryň soňky bilelikdäki işi bolsa 1981-nji ýylda döredilen «Ylham» atly film-konserti bolupdyr.

V festiwal (2019). Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň hormatly agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Wladimir Artykowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan ekspozisiýa olaryň kino sungatyndaky döredijilik hyzmatdaşlygy barada ýatlatdy. «Türkmenfilm» kinostudiýasynda meşhur üçlük — režissýor Alty Garlyýew, kompozitor Nury Halmämedow we suratkeş Wladimir Artykow — döredilip, olar bilelikde «Magtymguly» filmini döretdiler.
VI festiwal (2021). Wladimir Igaýewiň «Dostlar we şägirtler» atly şahsy sergisi nesilleriň janly arabaglanyşygyny görkezdi. 70-den gowrak halkara we beýleki sergilere gatnaşan, döredijilik ýoly baý bolan ussadyň eserleri onuň şägirtleriniň we pikirdeşleriniň işleri bilen bilelikde görkezildi.
VII festiwal (2023). Dariý Asadullaýewiň Nury Halmämedowyň «Keçpelek» we «Hüwdi» eserlerinden ylham alan «Goja Hazaryň kenaryna» atly grafiki tapgyry tomaşaçylary kenarýaka Çelekeniň atmosferasyna alyp gitdi. Ýumşak pastel öwüşginleri deňziň sesini we gün ýaşýan wagtyň ýagtysyny berip, kompozitoryň eserleriniň äheňleri bilen sazlaşýardy.

VIII festiwal (2024). Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezinde geçirilen «Şöhlelenme» atly bilelikdäki taslama Gündogaryň şygryýetine we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen illýustrasiýa bäsleşiginiň ýeňijilerini bir ýere jemledi. Ekspozisiýada ýeňijileriň we eminler toparynyň agzalarynyň — Gylyçmyrat Ýarmämedowyň, Dariý Asadullaýewiň, Wladimir Igaýewiň — nakgaşçylyk, grafika we heýkeltaraşlyk eserleri, şeýle hem kitaphananyň gaznasyndaky şahyryň seýrek neşirleri bilelikde görkezildi.
IX festiwal (2025). Russiýanyň Döwlet kitaphanasynda geçirilen «Dünýäniň palitrasy» atly sergi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy. Festiwalyň gala-konserti bolsa taslama döredilen gününden bäri onuň wepaly dosty we howandary bolan Zurab Konstantinowiç Sereteliniň hatyrasyna hormat hökmünde Zurab Sereteli adyndaky sungat galereýasynda geçirildi.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow öz ýüzlenmesinde guramaçylyk toparynyň köpýyllyk işine ýokary baha berdi:
«“Dutaryň owazy” festiwaly sungatyň dürli görnüşleriniň — sazyň we nakgaşlygyň, şygryýetiň we ylmyň, däp-dessurlaryň we häzirki zaman çemeleşmeleriniň — medeni bitewiligiň ýeke-täk sazlaşygyna birleşýändigini ynamly görkezýär. Siziň ýaş zehinleri goldamak, bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlary geçirmek we nota ýygyndylaryny neşir etmek boýunça alyp barýan işleriňiz dünýä mirasyny gorap saklamaga goşýan bahasyna ýetip bolmajak goşandyňyzdyr».
Häzirki wagtda Türkmenistanyň zehinli suratkeşleri milli nakgaşçylyk mekdebiniň däplerini mynasyp dowam etdirip, halkara sergilerine işjeň gatnaşýarlar. Olar öz eserlerinde Nury Halmämedowyň özüne çekiji sazynyň ritmik owazlaryny şekillendirip, hyýaly owazy baky wizual keşplere öwürýärler.
Ýubileý sepgidi
2026-njy ýylyň 26-njy oktýabryndan 1-nji noýabryna çenli geçiriljek onunjy festiwal on ýylyň jemini jemläp, täze sahypany açýar. «Ahalteke bedewleri — behişdi atlar» atly sergi sazyň we nakgaşlygyň, däp-dessurlaryň we häzirki zaman sungatynyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň ýene-de bir gezek duşuşýan giňişligine öwrülýär.
Galereýanyň zallarynda dutaryň owazy ajaýyp ahalteke bedewleriniň janlanýan şekillerindäki hereketlilik bilen utgaşanda, gözelligiň diliniň terjime talap etmeýändigi aýdyň görünýär.









