HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halkara Energetika Agentligi strategik ätiýaçlyklardan takmynan 325 million barrel nebit çykardy

Oktýabr 05, 2026 | 18:00 |2253
Çeşme: orient.tm

Halkara Energetika Agentligi energetika bazaryny durnuklaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň çäklerinde strategik ätiýaçlyklardan takmynan 325 million barrel nebit çykarylandygyny habar berdi.

Bu möçber mart aýynda HEA-a agza ýurtlarynyň bazara çykarmak barada ylalaşan 400 million barrel nebitiniň 80 göteriminden gowragyny düzýär.

HEA-niň ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol G7-niň liderleriniň wirtual duşuşygynda çykyş edip, Ormuz bogazy bilen baglanyşykly krizisiň netijeleriniň energetika bazarlaryna, aýratyn-da dizel ýangyjynyň üpjünçiligine, henizem düýpli täsir edýändigini aýtdy.

G7-niň bilelikdäki beýannamasyna laýyklykda, toparyň ýurtlary geljekki dört aýyň dowamynda 100 million barrele çenli dizel ýangyjyny we beýleki nebit ätiýaçlyklaryny bazara çykarmagy meýilleşdirýär.

11-nji martda HEA-niň 32 agza ýurdy adatdan daşary ätiýaçlyklardan 400 million barrel nebit çykarmak barada biragyzdan ylalaşdy. Bu agentligiň taryhynda şeýle görnüşdäki iň uly köpçülikleýin çäre boldy.

CCTV+-nyň habar bermegine görä, üpjünçilikdäki dowam edýän bökdençlikleriň we esasy ulag ugurlarynyň töweregindäki dartgynlylygyň şertlerinde strategik ätiýaçlyklardan peýdalanmak bazary durnuklaşdyrmagyň esasy gurallarynyň biri bolmagynda galýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026